Pasyl çalşygynda saglygy berkitmek üçin peýdaly maslahatlar

Güýz paslynda şemally, ýagmyrly günleriň bolýandygyny we howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli.
Sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeli. Zyýanly endiklerden daşda durmaly.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Ukyny ýeterlik we kadaly almaly.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli.
Gök, bakja önümlerini we miweleri günüň dowamynda ýeterlik mukdarda iýmeli.
Arassa agyz suwuny günüň dowamynda ýeterlik mukdarda içmeli.
Iýmit howpsuzlygyny, şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünleri berk berjaý etmeli.
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň arassa bolmagyny gazanmaly.
Üzärlik dermanlyk ösümligini wagtal-wagtal tütedip durmaly.
Derman serişdelerini özbaşdak kabul etmeli däl. Olary özbaşdak kabul etmeklik birnäçe gaýraüzülmelerine getirip biler.
Daşary çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, burnuň nemli bardasyna hökman «Oksolin» melhemini çalmaly.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýlary maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Ýurdumyzda ýola goýlan keselleriň öňüni alyş sanjymlaryny maşgala lukmanyňyz bilen maslahatlaşyp almaly.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.
