
© 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.

Ýurdumyzda uruş weteranlary aýratyn üns we alada bilen gurşalyp alnandyr. Watana çyn ýürekden hyzmat etmegiň göreldesini görkezen gahrymanlarymyz ýurdumyzda geçirilýän beýik özgertmelere buýsanyp, täze eýýamda eşretli döwrümiziň hözirini görüp ýaşaýarlar. Hormatly ýaşulular, eneler halkymyzyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde, ýaşlarymyza edep-terbiýe bermekde, olary watançylyk ruhunda terbiýelemekde, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde görelde mekdebi bolup durýarlar. Halkymyzyň edermen ogullary we gyzlary beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde urşuň agyr synaglaryny başdan geçirip, dünýäde parahatçylyk, asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşlerde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgalaryny görkezdiler. Watanymyzy ösdürmäge, ýaş nesilleri watançylygyň, mertligiň belent ruhunda terbiýelemäge, halkymyzyň agzybirligini, jebisligini berkitmäge uruş we zähmet weteranlarymyzyň örän uly goşant goşýandyklaryny belleýär.
Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, dünýäniň gülläp ösýän döwletleriniň birine öwrülýän ýurdumyzda 1941 — 1945-nji ýyllarda watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen weteranlarymyzyň, urşuň gazaply günlerini başdan geçiren enelerimiziň, gaýduwsyzlyk bilen zähmet çeken raýatlarymyzyň sylag-hormaty örän ýokarydyr. Eziz Watanymyzy söýmegi, ynsan mertebesini belent tutmagy, ata-enä sarpa goýmagy ündeýän, hakyky watançylary terbiýelemekde görelde bolýan ýaşuly nesillerimiz biziň buýsanjymyzdyr.
Gazaply urşuň söweş meýdanlarynda edermenlik we gaýduwsyzlyk görkezen ildeşlerimiz “Gahryman” diýen belent ada mynasyp boldular, söweş ordenleridir medallar bilen sylaglandylar. Şolaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň garry atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, gahrymançylygyň, belent adamkärçiligiň nusgasydyr.
Biziň ýurdumyz okgunly ösüşiniň häzirki döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda parahatçylyk söýüjilik, açyklyk we netijeli halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli amala aşyrýar. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan döredijilikli daşary syýasy ugry türkmen halkynyň doly goldawyna hem-de halkara jemgyýetçiligiň giňden ykrar etmegine eýe bolýar. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi türkmenistanlylaryň asuda we bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň kepilidir.
Äşe Gurbanurdyýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy