Daşoguz+29°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Miwe kişdeleriniň saglyga peýdasy

15th May 2025
Miwe kişdeleriniň saglyga peýdasy

Sahawatly türkmen topragy ýylyň-ýylyna tagamy datly miwedir ir-iýmişleri, gök we bakja önümlerini boldan eçilýär. Adam saglygy üçin iňňän peýdaly, düzümi ömrüňe ömür goşýan witaminlere baý bu önümleri uzak wagtlap saklamagyň dürli usullary bar. Ter miweleriň düzümindäki peýdaly maddalary saklamagyň iň amatlysy olary guratmakdyr. Kakadylan miwelerdir ir-iýmişler hatda bişirilen mahaly hem, uzak wagtlap saklanylan ýagdaýynda-da düzümindäki peýdaly maddalary, A,B1,B2,C,D toparlaryna degişli bolan witaminleri ýitirenok, gaýtam guradylanda suwuň bugaryp çykmagynyň hasabyna kişdedir kişmişiň ýokumlylygy artyp, olar saglyk üçin ter görnüşindäkiden has peýdaly bolýar.
Kişmiş — ýörite usulda kakadylan üzümdir. Kişmişde kaliý örän köpdür, şol sebäpli ol ýürek-damar ulgamyny pugtalandyrýar. Gadymy döwürleriň lukmanlary hem «gahary basyjy» hökmünde kişmiş iýmegiň peýdalydygyny tassyklapdyrlar we ony gaharjaň adamlaryň iýmitine goşmagy maslahat beripdirler. Häzirki zaman barlaglary kişmişiň hakykatdan hem nerw öýjüklerini ýadawlykdan goraýandygyny görkezýär. Onda B1,B2,B5 toparlaryna degişli bolan witaminler köp saklanýar. Ol bolsa aýratyn hem nerw ulgamyna köp agram düşýän (meselem, akyl zähmeti bilen meşgullanýan) adamlara has peýdalydyr. Kişmişiň düzümindäki fosfor, magniý, demir elementleri ösüp gelýän çagalaryň we ýetginjekleriň synalaryny taplaýar.
Erik kişdesinde ýüregiň kadaly işlemegi üçin örän köp mukdarda kaliý bar. Bu ýürek agyrysyndan ejir çekýänler üçin iň oňat tebigy melhemdir. Şonuň üçin ol hem iýmit, hem derman bolup hyzmat edýär. Peşew çykaryjy dermanlary ulanýanlara, infarktdan soň saglygyny dikeldýän näsaglara erik kişdesini iýmek maslahat berilýär. Dowamly erik kişdesini iýýän çagalarda demir ýetmezçiligi zerarly ýüze çykýan ganazlyk seýrek duş gelýär. 
Kakadylan injir ýürek myşsasyny berkidýär, nerw ulgamynyň işleýşini kadalaşdyrýar. Gartaşan adamlarda ganyň goýalmagy emele gelýär. Şeýle ýagdaýlarda olara guradylan injir kömek edip biler. Injir ýürek-damar ulgamynyň näsazlyklarynda, aýratyn hem aritmiýada, demgysmada peýdalydyr. Ol peşew çykarmagyň ýeňil serişdesi bolup durýar, sowuklama garşy oňat täsir edýär. Injir zyýansyzlandyryjy häsiýete hem eýedir, ol içegedäki zyýanly maddalary hem ýok edýär. Agyr syrkawlygy geçirenlere ajöze injir bilen badamy (mindaly) bile iýmek maslahat berilýär. Ol iýmitiň oňat özleşdirilmegine ýardam edýär. Injiri gury üsgülewükde hem peýdalanmak peýdaly bolýar.
Miweler dogry kakadylanda gury, ýumşak hem çeýe bolmaly, eliňde gyssaň döwülmeli däl. Daş görnüşi has owadan, ýalpyldap duran kişmişdir kişde, köplenç, aşgarlanan bolýar.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
makalalar esasynda taýýarlanyldy

Beýleki makalalar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.