Sagdyn iýmit — jan saglygyň girewi

Ýaz möwsüminde ilatyň arasynda ýokanç keselleriň ýaýramagynyň, iýmit zäherlenmeleriniň döremeginiň öňüni almak maksadynda jemgyýetçilik iýmiti we azyk söwdasy kärhanalarynda, bazarlarda, mekdebe çenli edaralarda, mekdeplerde, çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde, ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerlerinde sanitariýa-epidemiologiýa kadalaryny üpjün etmek barada birnäçe işler alnyp barylýar. Şol geçirilýän çäreleriň biri-de iýmit önümleriniň daşalyşyna, saklanylyşyna, satylyşyna bildirilýän talaplardyr. Azyk önümleri arassa, gury, gaýry ys-koklar bolmadyk we abatlygy bozulmadyk gaplarda, gap örtüginde kabul edilýär. Azyk önümleriniň her bir görnüşi üçin degişli howa, çyglylyk derejelere we ýagtylyk düzgünine laýyklykda saklanylmalydyr. Çalt zaýalanýan, aýratyn çalt zaýalanýan azyk önümlerini sowadylýan şertlerde saklamak düzgüni diňe bir ammar jaýlarynda däl, eýsem, olaryň gönüden-göni ilata satylýan ýerlerinde hem üpjün edilmelidir. Ýany bilen ugradylýan resminamalar, şeýle hem iberijiniň gabyndaky ýarlyklar iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhletleri gutarýan wagtyna çenli saklanylmalydyr. Azyk önümleri saklanylan mahaly harytlaryň ýanaşyk ýerleşmeginiň kadalary berk berjaý edilmelidir. Sowadylan et önümleri öz aralarynda, jaýyň diwaryna we düşemesine degmez ýaly edilip, gaňyrçaklarda asyp goýmak usulynda saklanylýar. Kakadylan balyk önümlerini -2 derejeden +4 derejä çenli temperaturada 72 sagada çenli saklamak bolar. Ýumurtgalary 0-dan +20 derejä çenli ýylylykda saklamaly.
Azyk söwdasy kärhanalarynda senagat taýdan öndürilen doňdurmalar +12 dereje ýylylykdan ýokary bolmadyk temperaturada bäş günden köp bolmadyk möhletde, sowadyjy serişdeler bilen enjamlaşdyrylan bölek satuw ulgamynda 48 sagatdan köp bolmadyk möhletde saklanylmalydyr. Maýonez önümleriniň her bir görnüşi üçin bellenilen ýaramlylyk möhletlerine laýyklykda, +3-den +18 derejä çenli ýyly, çyglylygy 75 göterime barabar bolan garaňkyradylan jaýlarda saklanylýar. Maýonezi göni Gün şöhlesi düşýän ýagdaýda we 0-dan aşaky derejede saklamak hem-de daşamak gadagan edilýär. Ter miweler, gök önümler zerur temperatura-çyglylyk düzgünini berjaý etmek bilen, tebigy ýagdaýda yşyklandyrylmadyk, ýörite şemalladylýan ammar jaýlarynda gaplanan görnüşinde saklanylýar. Miwe-gök önümleriniň saklanylmaly temperaturasy olaryň görnüşine baglylykda, howanyň çyglylygy 70 — 95 göterime çenli bolan mahaly +3 — +12 dereje aralygynda üýtgäp durýar.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy