Daşoguz+8°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Tomus pasly üçin peýdaly maslahatlar

7th July 2025
Tomus pasly üçin peýdaly maslahatlar

Tomusda howanyň yssy bolýandygyny nazara alyp, pasla görä geýinmeli. 
С witaminine — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (bally we limonly gök çaý, itburun demlemesi, alma, pyrtykal miwe şireleri, kelem, käşir we beýleki bakja önümleri).
Tomus paslynda açyk howada işleýän ildeşlerimiz kellelerini ýaglyk, başgaplar bilen örtmeli. 
Açyk reňkli nah matadan tikilen, ýeňleri uzyn egin-eşikleri geýmeli. Gözlere Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri dakynmaly, saýawan ulanmaly. 
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berjaý etmeli. Elleri elmydama arassa saklamaly we ýygy-ýygydan sabyn bilen ýuwup durmaly. 
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanylan melhem çaýy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Sagdyn we kadaly iýmitlenmeli, gök önümleri we miweleri iýmeli.
Günüň dowamynda kabul edilýän nahar duzunyň 5 gramdan artyk bolmazlygyny gazanmaly. Gök we miwe önümlerini kabul edeniňizde, gigiýeniki talaplary berk berjaý etmeli. 
Her gün 2 litrden az bolmadyk möçberde arassa agyz suwuny içmeli.
Ýiti iýmit zäherlenmeleriň we ýiti içege ýokanç keselleriniň öňüni almak üçin, iýmit önümlerine bildirilýän gigiýeniki talaplary doly we dogry berjaý etmeli. Demir we aýna gaplara gaplanan, şeýle hem şöhlat önümlerini we beýleki tiz zaýalanýan önümleri paslyň yssy günlerinde ürç edip iýmekden saklanmaly. Eger iýmek isleseňiz, onda olary söwda merkezlerinden satyn almaly. Olary öý şertlerinde belgileniş nyşanynda görkezilen möhletine laýyklykda saklamaly we ulanmaly.
 


“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki makalalar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.