Daşoguz-3°C
Logo

Daşoguz welaýat
häkimligi

Emblem

Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

21st October 2025
Möwsümleýin keselleriň öňüni almak üçin peýdaly maslahatlar

Sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeli.
Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.
Şahsy we jemgyýetçilik arassaçylyk tertip-düzgünlerini berk berjaý etmeli.
Güýz paslynda şemally, ýagmyrly günleriň bolýandygyny we howanyň derejesiniň üýtgäp durýandygyny nazara alyp, paslyň aýratynlygyna laýyklykda geýinmeli.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin hökman Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýy maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp içmeli.
Ýokanç däl keselleriň düzümine girýän howply täze döremeleriň ýurdumyzda ýola goýlan irki anyklaýyş barlaglaryndan öz wagtynda geçmeli.
Ýol hereketiniň düzgünlerini berk berjaý etmeli we ony çagalaryňyzyň hem berk berjaý etmegini gazanmaly.
 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.

Beýleki makalalar

    © 2025 Daşoguz welaýaty. Ähli hukuklar goragly.