DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Jana şypaly şypahana

      Jana şypaly şypahana
Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda berkarar döwletimizde halkymyzyň saglygyny dikeltmek, keselleriň öňüni almak babatda şypahana ulgamyna hem uly üns berilýär. Şunlukda, güneşli ülkämiziň gözel künjeklerinde döwrebap, ähli amatlyklary bolan şypahanalar halkyň hyzmatynda bolup, iň bir gelim-gidimli ýerleriň birine öwrülýär. Gadymy hem nowjuwan Daşoguz topragynda ýerleşýän «Daşoguz» şypahanasy hem ajaýyp aýratynlyklary, amatlyklary bilen tapawutlanýan melhemli ýerleriň biri hasaplanylýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri, diňe welaýatymyzdan däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki künjeklerinden gelýän raýatlara hem göwnejaý, talabalaýyk hyzmat edýän «Daşoguz» şypahanasy dynç almak üçin iň arzyly mesgenleriň biri. Biz oňa bu ýerde dynç alýan raýatlar bilen gürrüňdeş bolanymyzda hem anyk göz ýetirdik. Dogrudan-da, şypahanada köp sanly keselleriň öňüni almakda we bejermekde innowasion usullaryň birnäçesi ulanylýar. Mundan başga-da, bu ýerde tebigy bejergi serişdeleri — mollagara wulkan palçyklaryny hem-de deňiz duzlaryny, dermanlyk otlary giňden ulanmak ýola goýlupdyr. Bu ýerde tebigy bejeriş, ýagny ýod-bromly mineral suw 1250 metr töweregi çuňlukdan çogup çykýar. Bu suwuň gyzgynlygy 54 derejä barabardyr. Suwuň düzümi ýod-bromly, hlorid-natrili bolup, ol ynsan bedenine oňat täsir edýän brom, ýod, ftor, sink, gurşun, marganes, hrom we beýleki mikroelementlere örän baýdyr. Esasan hem, bu tebigy mineral suwuň bedeniň daýanç-hereket synalarynyň kesellerini (artroz, artrit, osteoartroz, bogunlaryň şikesden soňky artriti we artrozy) çetki nerw ulgamynyň kesellerini (osteohondroz, radikulit, polineýropatiýa), peşew çykaryş agzalarynyň, endokrin ulgamynyň kesellerini bejermekde peýdasy uludyr. Himiki elementlere örän baý bolan bu ýod-bromly mineral suw ýerasty mineral suwlaryň klassifikasiýasy boýunça örän täsirliligi bilen tapawutlanýar. Şeýle hem şypahanada suwuň astynda oňurga süňklerini bejermek üçin ýörite enjamlar hem-de derman serişdesiz terapiýa usuly ulanylýan bölüm hem dynç alýanlaryň hyzmatynda. Bu ýerde suw bilen gury owkalama hem ünsi çekýän usullaryň biri. Suw bilen gury owkalama ýadawlygy aýyrýar. Bedende alyş-çalşy kadalaşdyrýar, horlandyrýar. Ol selulidi aýyrýar, bedenden toksinleriň çykmagyna kömek edýär. Bu suw bilen gury owkalama deri gatlagynyň ýaşarmagyna ýardam edýär. Şeýle hem mineral deňagramlylygy kadalaşdyrýar, bedene güýç berýär. Arkadaky, aýakdaky agyrylary aýyrýar. Gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar. Daýanç-hereket ediş bogunlaryň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Eziz Diýarymyzda halkyň saglygyny goramakda, şeýle hem şypahana ulgamyny ösdürmekde tutumly işleri alyp barýan lukman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.