DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Nesillere göreldäniň buýsanjy

      Nesillere göreldäniň buýsanjy
Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda TZB-niň Daşoguz şäher guramasynyň guramagynda «Külli türkmeniň käbesi Ogulabat ejäniň el işleri — nesillere görelde» ady bilen aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň zenan deputatlary, şäheriň edara-kärhanalarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylary, işjeň agzalary gatnaşdylar.
Maslahat halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy, hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulgerek Berdimuhamedowanyň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gaýynenesi Ogulabat ejäniň elinden çykan alajalary hem-de olary örmek üçin niýetlenen iş guralyny sowgat bermegine zenanlaryň ýürek buýsanjyny açyp görkezmek hem-de taryhy wakany wagyz etmek maksady bilen geçirildi. Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň özüniň manyly ömrüniň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň nesil terbiýesinde, el işleriniň ösdürilmeginde nusgalyk görelde, türkmen zenanlary üçin belent hormat-sarpanyň nyşany bolup durýandygy, jemgyýetde maşgala gatnaşyklaryna uly ähmiýet berilýändigini, her bir işi öwredijilik mekdebi bolup durýan eneleriň göreldesine eýerilip, olara aýratyn sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýandygy barada uly buýsanç bilen aýdyp geçdiler. Eneleriň hem zenanlaryň mertebesini ýene bir gez beýgelden taryhy wakalaryň şaýady bolmak bagtyny miýesser eden Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.

 

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.