Welaýatymyzyň dürli künjeklerinde bugdaýdyr gowaçadan başga-da ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu babatda Akdepe etrabynyň «Şabat» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň durmuşa geçirýän işleri hem-de gazanýan guwandyryjy netijeleri bellenilmäge mynasypdyr. Bu barada daýhan birleşiginiň başlygy Polat Žumabaýew şeýle gürrüň berdi:
— Hormatly Prezidentimiziň halkymyzy öz topragymyzda öndürilen ýeralma, gök-bakja önümleri bilen ýeterlik üpjün etmek barada öňde goýýan wezipeleriniň, berýän tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmegine goşant goşmak üçin birleşigimiziň kärendeçi daýhanlarynyň ýylyň-ýylyna yhlasly zähmet çekýändikleri biziň ählimizi örän guwandyrýar. Olaryň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurda alyp barýan işleri hem oňat netijeleri berýär. Muny zähmetsöýer ekerançylarymyzyň şu günlerde ýetişdirilen ýeralma hasylyny ýygnamakda, gök-bakja ekinlerine ideg etmekde bitirýän işleri-de aýdyň tassyklaýar.
Sanlara salgylanyp aýdanymyzda, şu ýylyň baharynda daýhan birleşigimiziň ekin meýdanlarynyň 450 gektaryna ýeralma, 350 gektaryna sogan, 30 gektaryna bakja ekinleri, 30 gektaryna käşir, 10 gektaryna pomidor, 10 gektaryna hem kelem ekildi. Şeýlelikde, kärendeçilerimiz jemi 900 gektar meýdanda ekerançylygyň ata-babalarymyzyň tejribelerine eýerip hem-de häzirki döwrüň mümkinçilikleriniň esasynda şol ekinlere göwnejaý idegi ýola goýdular. Bu bolsa olaryň kadaly ösmegini, hasyl toplamagyny şertlendirdi.
Daýhan birleşigimizde kärendeçileriň 850-den gowragy ýeralma, gök-bakja ekinlerini ýetişdirmek bilen meşgullanýarlar. Şonda olaryň köp sanlysynyň bu ekinleri ýetişdirmekde uly iş tejribeleriniň bardygyny-da aýtmak gerek. Bu hem kärendeçileriň öz eýeçiligindäki meýdanlarda her bir çäräni talabalaýyk amala aşyryp, ekinlere ýokary hilli ideg etmeklerine ýardam berýär.
Bu barada gürrüň edilende, şu ýyl ýeralma hasylyny ýetişdiren kärendeçilerimiziň çekýän yhlasly zähmetleri barada ilki bilen durup geçmek ýerlikli bolar. Sebäbi olar öz ekin meýdanlarynda agrotehniki talaplara laýyklykda iş geçirip, bol hasyly ýetişdirdiler hem-de häzirki wagtda ony ýygnap almagy guramaçylykly dowam etdirýärler. Jumabaý Haýdarjanowyň 3, Serdar Şeripbaýewiň 2,4, Fatima Jumabaýewanyň 2, Kahraman Jumanyýazowyň 1,5 gektar kärende meýdanlaryndan alan ýeralma hasyllarynyň has-da ýokary bolandygyny nygtamak örän ýakymlydyr. Çünki bu olaryň ene topraga siňdiren yhlaslarynyň ýerine düşendigini aňladýar. Şeýlelikde, şu ýyl birleşigimizde ýeralma ýetişdirmek bilen meşgullanan 300-den gowrak kärendeçileriň köpüsiniň guwandyryjy üstünliklere eýe boljakdyklaryna ynamymyz bar.
Ýeri gelende, daýhan birleşigimizde gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda gaýratlylyk görkezýän kärendeçileriň hem käbiriniň atlaryny agzap geçmek gerek. Olardan Arif Duşemow, Roza Maşeripowa, Maksatbek Rozmetow, Jorabek Hudikow we beýlekiler sogana, gawun-garpyza ideg etmekde has-da tapawutlanýarlar. Şeýle başarjaň daýhanlarymyz hem ýakyn wagtlarda öz öndüren önümlerini ýygnap, il-günümiziň saçagyna ýetirerler.
Elbetde, ýeralma, gök-bakja önümleriniň şeýle bereketli hasylyny ýetişdirmek üçin hormatly Prezidentimiziň döredýän şertleri, berýän kömek-goldawlary kärendeçi daýhanlarymyzy yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Bu bolsa olaryň ýokary netijeleri gazanmagy üçin uly ähmiýete eýedir.
“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.