DAŞOGUZ WELAÝAT HÄKIMLIGI

 

 
Esasy sahypadaky uly surat

Makalalar

Gözel tebigatyň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz ýurdumyzda tebigaty, daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň kanuny esaslaryny düşündirmek, ýaşlaryň garaýyşlaryny kämilleşdirmek bilen baglanyşykly çärelere, syýasy-jemgyýetçilik, medeni-durmuş wakalaryna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda bu ugurdaky möhüm işleriň biri boldy.
Şu waka mynasybetli Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň okyjylaryna, awtorlaryna we neşir edijilerine iberen Gutlagynda şeýle diýilýär: «Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanylan hazynalar çeşmesidir». Munuň özi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak, baýlaşdyrmak, olary öwrenmekligi ylmy esaslarda alyp barmak babatdaky goşandyny anyk kesgitleýär.
Türkmenistanyň Gyzyl kitaby ozal 1985, 1999, 2011-nji ýyllarda neşir edilip, olara ýabany ösümlikleriň, haýwanlaryň seýrek duş gelýän, sany kemelýän, ýitip gitmek howpy abanýan görnüşleri girizilipdi. Täze neşiriň hem bu ýörelgelerden, olary has kämilleşdirmekden ugur alnyp, bu baradaky dünýä tejribeleri içgin öwrenilip taýýarlanylandygy bellenilýär. Munuň özi kitaba girizilen ösümlikleri, haýwanlary goramak, köpeltmek boýunça iş geçirmekde has giň mümkinçilikleri açýar.
Berilýän maglumatlara görä, biziň ýurdumyzyň tebigatynyň ösümlik, haýwanat dünýäsi örän baýdyr. Başgaça aýdylanda, onuň çäklerinde oňurgasyz haýwanlaryň 12 müňden, oňurgaly haýwanlaryň 700-den gowragy gabat gelýär. Ösümlikler barada aýdylanda, diňe Garagum çölüniň ösümlik örtüginiň 6 müňden gowrak görnüşden ybaratdygyny bellemek gerek. Olaryň onlarçasy Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň ozalky we häzirki neşirlerine girizilendir.
Biziň welaýatymyzyň sähra-çöllerinde hem bu kitapda hasaba alnan haýwanlaryň, ösümlikleriň köp sanlysy duşýar. Olaryň hatarynda oňurgaly haýwanlardan keýik, Üstýurt aýragy, gulan, saýgak, itaýy, garagulak, manul, köwük, Bobrinskiniň hem-de Blanfordyň atýalmanlary, oňurgasyz haýwanlardan wažžyldawuk antiýa tomzagy, buýnuz ganat empuza we beýlekiler bar. Şonuň ýaly-da, şu ýerde ösýän çägemik, hywa şorasy ýaly ösümlikler hem bu kitapda orun alandyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen şu we beýleki haýwanlary, guşlary, ösümlikleri goramaklyga, köpeltmeklige aýratyn uly üns berilýär.
Hormatly Prezidentimiz «Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan we geljek nesillerimize has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr» diýip belleýär. Häzirki döwürde bu ugurdaky wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde ähli mümkinçiliklerden peýdalanyp, möhüm çäreler görülýär. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň täze neşiri hem şol giň gerimli işlere uly goşantdyr.

 

 

“Daşoguz habarlary” gazetinde çap edilen
habarlar esasynda taýýarlanyldy.