2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Daşoguz şäheri

 

Daşoguz şäheri Türkmenistanyň demirgazyk böleginde ýerleşýär we Daşoguz welaýatynyň merkezi bolup durýar. Onuň tutýan meýdany 0,0375 müň km2 deňdir.

Daşoguz şäheri welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň daýhan birleşikleri bilen araçäkleşýär. 

Şäheriň ykdysadyýetiniň esasy senagat önümçiliginden, obahojalyk önümlerini gaýtadan işlemekden, söwda, hyzmat ediş we beýleki ulgamlardan durýar.

Daşoguz şäherinde eýeçiligiň dürli görnüşindäki kärhanalaryň we guramalaryň jemi 573 sanysy hasaba alnyp, olardan 230 sanysy ýa-da 40,1% döwlet eýeçiligine, 293 sanysy ýa-da 51,1% hususy eýeçilige degişli kärhanalar we 50 sanysy ýa-da 8,7% gaýry kärhanalardyr. Daşoguz şäherinde senagat pudagy ýokary derejede ösendir. Häzirki wagtda 29 sany senagat kärhanasy (2 sanysy söwda we 5 sanysy gurluşyk pudagyna degişli), olardan irileriniň hatarynda «Polimer önümleri» zawody, «Daşoguz galla önümler» kärhanasy, «Daşoguz demir beton önümler» zawody, «Çeper» tikin fabrigi hereket edýär. Daşoguz welaýat «Azyk» önümçilik birleşigi, «Serdar»pagta egriji fabrigi, Daşoguz pagta egriji fabrigi öndürýän senagat önümleriniň belli bir möçberini daşary ýurt bazarlarynda ýerleýärler.

 Daşoguz şäheriniň senagat pudagynyň düýpli diwersifikasiýalaşdyrylmagyny gazanmak, sebitde häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyrylan önümçilikleri hem-de täze iş orunlaryny döretmek maksady bilen, Daşoguz şäherinde  Daşoguz nebit kärhanasy, «Türkmendermansenagat» birleşiginiň Zyýansyzlandyrylan sargy serişdelerini öndürýän kärhanasy, göwrümi 3000 tonna gök-bakja, miwe we kartoşka saklamaga niýetlenen döwrebap sowadyjy ammary, şeýle-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň buýrujy bolmagynda «Kafel pilitalaryny öndürýän» kiçi zawody gurlup ulanmaga berildi. Oba Milli maksatnamanyň çäklerinde Daşoguz şäherinde durmuş ulgamynda 1 sany çagalar bagy, 4 sany orta mekdep, 4 sany sport mekdebi, 1 sany sport desgasy, kitaphanana we teatr gurlup ulanylmaga berildi. 

Daşoguz şäherinde 2019–2025-nji ýyllar aralygynda 1 sany saglyk öýüni, 4 sany umumy bilim berýän mekdebi, 4 sany mekdebe çenli çagalar edarasyny, 1 sany medeniýet öýüni,jemi 99,20 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlaryny, elektron enjamlary bilen enjamlaşdyrylan awtotürgenleşik meýdançasyny gurmak göz öňünde tutulýar.


Ýazdyr   Email