2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Bilim

Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gatnaşmak üçin Daşoguz welaýatyna amala aşyran saparynyň çäklerinde welaýatda ilkinji ýokary okuw mekdebini–Daşoguz şäherinde Türkmen oba hojalyk institutyny özüniň ak patasy bilen dabaraly ýagdaýda açyp, ulanmaga berdi.

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny mundan beýläk-de ylmy esasda ösdürmekde uly ähmiýeti bolan institutyň ak mermere beslenen okuw binasynyň umumy meýdany 15 müň 440 inedördül metrden gowrak bolup, onda talyplaryň umumy, amaly we tejribe okuwlaryny geçmekleri üçin oňaýly şertler bilen üpjün edilen okuw otaglary, 450 orunlyk mejlisler eýwany, 200 orunlyk naharhana, talyplar üçin 3 sany umumy ýaşaýyş jaýy, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga niýetlenen sport toplumy bar.

Institutda hereket edýän agronomçylyk we weterinar lukmançylygy, gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetlerinde 1079 sany talyplaryň  agronomçylyk, agroekologiýa, agrohimiýa, weterinar lukmançylygy, oba hojalygynyň ykdysadyýeti, oba hojalygynda buhgalter hasaby we audit, oba hojalygynda maglumat ulgamlary, mirapçylyk, gidromeliorasiýa, oba hojalygyny mehanizmleşdirmek, tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy hünärleri boýunça halkara ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap ýokary bilim almaklary üçin ähli şertler döredilen.