Türkmen halkynyň saglygy baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri hökmünde yglan eden Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylda Daşoguz şäherinde uly möçberli döwrebap lukmançylyk toplumy bolan «Ene mähri» merkeziniň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Dört we iki gatly iki sany binadan ybarat bu toplumyň birinji binasynda anyklaýyş, gyssagly kömek bermek, operasiýa geçirilýän, ginekologiýa, çaga dogrulýan bölümler, laboratoriýalar we ähli amatlyklary bolan palatalar ýerleşýär. Ikinji binada reanimasiýa bölümi we operasiýa edilýän bloklar bar. Ýokary tehnologiýaly lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen bu merkezde ilata bejeriş we maslahat bermek boýunça hyzmatlaryň uly toplumyny hödürlemek üçin ähli şertler döredilendir.