2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

Daşoguz welaýat häkimligi

Daşoguz şäheriniň binagärlik keşbine aýratyn bezeg berip duran binalaryň biri Daşoguz welaýat häkimliginiň edara binasydyr

Daşoguz welaýat häkimliginiň edara binasy 2011-nji ýylyň sentýabr aýynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanmaga berildi. Täze bina 6 gatdan ybarat bolup, onda döwrebap enjamlaşdyrylan 115 sany iş otaglary, 650 orunlyk uly mejlisler zaly we 4 sany kiçi mejlis otaglary ýerleşýär. Işgärler üçin  ähli oňaýly şertler döredilen iş otaglary amatly mebeller hem-de işde ulanmak üçin döwrebap ulgamlar bilen üpjün edilen.

Şeýle-de binanyň içinde naharhana we 2 sany sport zaly bolup, onda dürli sport enjamlary oturdylan, 
daş-töweregi döwrebap abadanlaşdyrylandyr.