2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Harmanyňyza bereket, edermen pagtaçylar!

    Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişildi!

        

   Döwlet Baştutanymyzyň ak patasy bilen başlanýan pagta ýygymynyň öňüsyrasynda welaýat häkimliginiň uly mejlisler zalynda ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginde geçirilen maslahatda ýygym möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça wezipeler, ähli degişli gulluklaryň takyk işlemegi we sazlaşykly hereket etmegi esasy ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boldy. Maslahaty welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow açyp, ilki hemmeleri hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen welaýatymyzda pagta ýygymyna girişilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Şeýle hem pagta ýygymynyň ýokary guramaçylyk ýagdaýynda alnyp barylmagyny üpjün etmek barada degişli ýolbaşçylaryň öňünde anyk wezipeleriň bardygyny belledi. Soňra jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek bilen bagly çäreler hakynda welaýatymyzyň häkiminiň orunbasary Welmyrat Saparmyradow çykyş edip, welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileriniň, mehanizatorlarynyň gaýratly zähmetleriniň netijesinde, jemi 155 müň gektar meýdanda bol hasylyň ýetişdirilendigini, şonça ýerden «ak altynyň» 275 müň tonnasyny ýygnap almagyň maksat edinilýändigini belledi. Şeýle hem çykyşdan belli bolşy ýaly, welaýatymyzyň ekerançylary gowaçanyň «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 144», «Serdar», «C — 4727», «Jeýhun», «149F» ýaly orta süýümli görnüşlerini ösdürip ýetişdirdiler. Döwrebap oba hojalyk tehnikalary meýdan işleriniň bökdençsiz depginini üpjün eder. Pagta daşamakda ýük awtoulaglarynyň hem-de tirkegli traktorlaryň 1700-den gowragy peýdalanylar. Kabul ediş harmanhanalaryň 43-si, «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy zawodlarynyň 9-sy gije-gündizleýin işlemäge doly taýýar edildi.

        

     Soňra maslahata gatnaşyjylaryň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanyna gelmegi, bu ýeriň şowhun-şagalaňyny has-da artdyrdy. Dabaranyň gyzgalaňly wagtynda welaýatymyzyň pagtaçylarynyň häzirki dowam edýän — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilýän ýylynda başlanýan işleriň oňuna, köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen «ak altyn» hasylyny ýitgisiz ýygnap, döreden harmanlarynyň belent, kärendeçi daýhanlaryň ene ýerden bereketli hasyl almaklary üçin çäksiz goldaw-kömekleri berýän, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy barada gije-gündiz alada edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutýan ähli işleriniň hemişe rowaç bolmagy hakyndaky ýagşy arzuw-dileglerden soňra il sylagly ýaşulularyň topary ak patrak bolup açylan hatarlaryň bir çetinden girip, «Bismilla!» diýip ilkinji ak hanalary ýygýarlar. Olaryň arasynda pagtaçylarymyza Allanyň ýar, hasyl ýygymyna gatnaşýan kombaýnçylara, ähli mehanizatorlara Dawud pygamberiň howandar bolmagy baradaky arzuwlaryň, birek-biregi gutlap aýdylýan hoş sözleriň owazy eşidilýär. Ýaşulularyň bu hereketlerini, ýagşy dileglerini töwerekde duranlar hem agzybirlik bilen alyp göterýärler. Şeýle toý şatlygyna ýugrulan dabaranyň yzy gadymy Köneürgenç şäherinde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen gurlan hem-de ak patasy bilen ulanylmaga berlen pagta arassalaýjy kärhananyň giň howlusynda dowam edýär. Kärhananyň girelgesinde üsti ak pagtadan birkemsiz ýüklenen, bezemen ulaglaryň hatary ep-esli ýere uzap gidýär. Bu ýerdäki meýdança hem baýramçylygyň ähli alamatlary bilen bezelipdir. Hatar ak öýler, belent sahna, dürli reňkdäki baýdaklar diýseň sazlaşykly görnüşi döredýär. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, zehinli aýdymçylaryň, tansçylaryň ata Watanymyzyň, mähriban halkymyzyň, hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, waspyny ýetirip, parahat durmuşymyzyň, päk zähmetiň şanyna ýerine ýetirýän şirin aýdymlary, joşgunly tanslary hemmelere ruhubelentlik, ýakymly duýgulary bagyş edýär. Şeýlelikde welaýatymyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Dabara gatnaşan adamlaryň kalbynda bu ýylyň hem pagtaçylarymyz, ähli halkymyz üçin üstünlikli boljakdygyna berk ynam peýda boldy. Çünki şeýle agzybirlikli, gadymy däplere eýerilip başlanan işler hemişe rowaç alýar. Harmanyňyz belent bolsun, hormatly ildeşler!