2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Hünär baýramyna bagyşlanan dabaralar!

     

    

   Hünär baýramyna bagyşlanan dabaralar!

   Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni welaýatymyzyň çäklerinde giňden bellenilip geçildi. Şu mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan dabaraly maslahat hem işjeň ýagdaýda geçdi. Oňa welaýatymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şu pudaklarynda yhlasly zähmet çekmek bilen, köplere görelde bolýan adamlar gatnaşdylar. Maslahatda welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, baýry energetik Hanbaý Saparow gutlag sözleri bilen çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň beýleki pudaklarynyň hatarynda gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy ulgamlaryny ösdürmek, olarda amala aşyrylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, hilini gowulandyrmak barada edýän aladalarynyň ähmiýetini, berýän ajaýyp miwelerini belläp geçdiler hem-de halkymyzyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen şeýle tagallalary üçin milli Liderimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Maslahatyň dowamynda welaýatymyzyň şu pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriniň uly toparyna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary oňa gatnaşyjylara ruhy güýç berdi.

   TKA-nyň welaýat birleşmesi Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölümi bilen bilelikde Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly çäre gurady. Oňa jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, welaýatymyzyň şu ulgamlarynda göreldeli zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar. Maslahatda welaýatymyzyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy pudaklarynyň öňdebaryjy işgärleriniň bir toparyna TKA-nyň welaýat birleşmesiniň baýramçylyk sowgatlary gowşuryldy.