2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär!

     

   Bugdaý ekişi guramaçylykly dowam edýär!

  Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylyny uly zähmet üstünliklerine beslemek, eziz Watanymyzyň baş baýramyny özleriniň zähmet sowgatlary bilen garşylamak ugrunda gaýratly zähmet çekýän Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň ýer eýeleri şu günler güýzlük bugdaý ekişini öz wagtynda geçirmegi gyzgalaňly dowam edýärler. Etrap boýunça şu möwsümde 28500 gektar ýerde güýzlük bugdaýyň ekişini geçirmek bellenen. Güýzlük bugdaýyň ekişine tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň dürli kysymly tehnikalarynyň sürümde 48-si, ekişde 44-si, borana-mala basmakda daýhan birleşiginiň garamagynda tehnikalaryň 570-si gatnaşýar. Bu tehnikalaryň her birine köpýyllyk tejribesi bolan mehanizatorlar, kömekçiler berkidilip, her bir tehnikanyň saz işlemekligi gazanylýar. Döredilen göçme toparlar ekiş möwsümine gatnaşýan tehnikalary iş üstünde zerur tehniki hyzmatlar, ýangyç we beýleki zerur serişdeler bilen üpjün edýärler. Ähli işleriň sazlaşykly alnyp barylmagy netijesinde, etrapda her gün ýüzlerçe gektar ýerde ekiş ýokary hilli geçirilip, ekilen ýerleriň gektar sany gün-günden artýar. Ekişiň talabalaýyk alnyp barylyşyna daýhan birleşikleriniň galla agronomlary, topar ýolbaşçylary berk gözegçilik edýärler, ekişiň ýokary hil derejesinde geçirilmegini gazanylýar. Munuň özi geljek ýylyň bol galla hasylynyň düýbüniň berk tutulmagyna mümkinçilik berýär. Esasanda etrabyň A.Kakabaýew, M.Hojamämmedow, S.A.Nyýazow adyndaky, «8-nji mart», «Görelde», «Ýalkym» daýhan birleşiklerinde güýzlük bugdaý ekişi has-da batly depginlerde barýar.