2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Teatryň toý sowgady!

 

 

       

         TEATRYŇ TOÝ SOWGADY!

     Akdepe etrap medeniýet bölüminiň Halk teatrynyň döredijilik topary hem  ýylymyzyň iň şanly toýy bolan şöhratly Garaşsyzlyk baýramyny zähmet sowgatly garşylamagy maksat edýän toparlaryň biri. Bular hormatly Prezidentimiziň halka hyzmat etmekde, olara ruhy lezzet bermekde medeniýet işgärleriniň öňünde goýan belent wezipelerine jogap edip, döredijilikli, agzybirlikli zähmetiň ajaýyp nusgasyny görkezýärler. Çekilýän şeýle döredijilikli zähmet ýakynda özüniň datly miwesini berdi. Bu Halk teatrynyň ýurdymyzyň şanly toýy mynasybetli taýýarlan täze oýnunyň gözden geçirilişi boldy. «Ene süýdi» diýlip atlandyrylan, dört bölümden ybarat rowaýat-dramanyň üsti bilen teatryň zehinli artistleri müdimi hem mukaddes tema ýüzlenipdirler. Hormatly Prezidentimiziň diňe bir ýurdumyzyň çäklerinde däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem ençemesiniň dillerine terjime edilen «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly çeper-publisistik kitaby esasynda sahnalaşdyrylan bu eseriň temasy okyjylara eýýam tanyş. Biziň her birimiz üçin iň eziz ynsan — ene hakyndaky täsirli hem çuňňur pähimi sahna sungatynyň üsti bilen tomaşaçylara hödürläp, halk teatrynyň agzalary örän wajyp hem haýyr-sogap iş edipdirler. Şunda eserdäki wakalary täsirli janlandyrmaga, şeýlelikde her bir ynsan üçin müdimi gudrat bolan enäniň mährem hem ýatdagalyjy çeper keşbini döretmekde döredijilik tagallalaryny siňdiren höwesjeň artistleriň birini beýlekisinden peslär ýaly däl. Şeýle-de bolsa, ilki bilen, şu ýerde oýny goýan režissýor Myrat Gurbanýazowyň adyny tutasyň gelýär. Sebäbi režissýor hem oýny sahnalaşdyrmakda, hem keşpleriň göwnejaý janlandyrylmagynda zehin hem zähmet baryny siňdiripdir. Şonuň üçin bolsa gerek, oýnuň dowamynda rowaýatçy hem dana goja Dädebaý Amanowyň söhbetlerine, Ogulnäzik Mämmettaganowanyň sahnada janlandyran enäniň keşbine, Oguldursun Gurbanowanyň döreden Tyllagözeliniň hereketlerine hem sözlerine çyn ýürekden ynanýarsyň. Oýnuň dowamynda çykyş edýän hyzmatkär ýigitleriň, Tyllagözeliň boýdaşlarynyň, köpçülikleýin sahnalarda çykyş edýänleriň zehin siňdiren keşplerini hem agzaman geçer ýaly däl. Garaz, sahnada janlandyrylan keşpler zalda oturan tomaşaçylary özleri bilen deň begenip, deň gyýylmagy başartdy. Şunda sahnany bezän suratkeş Gyzylgül Hanmedowanyň, saz bilen bezän Süleýman Seýidowyň çeken zähmetleri hem agzalmaga mynasyp. Tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanan bu drama eseri barada oýun tamamlanandan soň, özünde galan täsirler hakda işjeň söhbet edildi. Çykyş edenler şanly toýa sowgat hökmünde taýýarlanan oýnuň özlerinde galdyran ýakymly täsirleri, bu sahna eseriniň has-da täsirli çykmagy üçin peýdaly pikir-garaýyşlaryny aýtdylar. Şeýle-de, çykyş edenleriň sözlerinde medeniýeti, sungaty ösdürmäge uly üns berýän, öz halkynyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýän milli Lidermiziň adyna hoşallyk sözleri çyn ýürekden ýaňlandy.