2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Baýramçylyga bagyşlanan dabaralar!

     

     Baýramçylyga bagyşlanan dabaralar!

     Golaýda TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň hem-de Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Garaşsyzlyk döwrümiziň bagtydyr» atly aýdym-sazly maslahat geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport, ykdysadyýet we medeniýet ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýetilýän belent sepgitler, öňde durýan aýdyň maksatlar dogrusynda buýsanç bilen bellediler. Dabaranyň ahyrynda aýdym-sazly çykyşlara giň orun berildi. Aýdym-sazly çykyşlarda Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, ata Watanymyzyň waspy belentden ýaňlandy. Daşoguz şäher häkimliginiň «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde «Garaşsyzlyk — bagtyýarlyk şuglasy» atly aýdym-sazly dabara geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň Daşoguz şäher medeniýet merkezi hem-de TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara oňa gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk dabarasynda welaýatymyzyň ussat medeniýet we sungat işgärleri, şäher medeniýet merkeziniň höwesjeň aýdymçylary, tans we folklor toparlary çykyş etdiler. Ýerine ýetirilen çykyşlarda bagtyýar halkymyzyň ajaýyp döwrümize bolan buýsanjy, ata Watanymyza, bereketli topragymyza bolan söýgüsi, ajaýyp zamanany peşgeş beren hormatly Prezidentimize hoşallyk duýgulary öz beýanyny tapdy. «Oguzabat» folklor-tans toparynyň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna özboluşly öwüşgin çaýdy. Bu aýdym-sazly dabara «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan tutuljak mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk senesini has-da dabaralandyrdy.