2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Pagtaçy kärendeçileriň üstünligi!

    Pagtaçy kärendeçileriň üstünligi!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda gowaça ekişini öz wagtynda geçirip, yhlasly zähmetleriniň netijesinde bereketli «ak altyn» hasylyny ýetişdiren kärendeçi daýhanlar şu günlerde ony ýygnamagy öndürijilikli dowam etdirýärler. Şeýlelikde, olaryň arasynda Watan harmanyna pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny artygy bilen berjaý edýän kärendeçileriň sany günsaýyn artýar. Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň agzalary Dünýä Ödäýewa 2 gektar ýerden 4, Amangeldi Ýagmyrow 1 gektar meýdandan 2,2, Rejep Jumabaýew 1 gektardan 2, 2-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Kakageldi Paltaşow 1 gektar kärende ýerinden 2,2 tonna ýokary hilli «ak altyny» harmana tabşyrmak bilen, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny has artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu we beýleki ezber kärendeçileriň pagta meýdanlarynda hasyl entek egsilenok. Olar öz gazanan üstünliklerini berkitmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna has uly sowgat taýýarlamagy maksat edinip, pagta ýygymynyň depginini barha güýçlendirýärler.