2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Garaşsyzlyk — baky bagtyň gözbaşy!

     Baş baýramymyzyň şanyna ýaýbaňlandyrylan dabaralar!

   Bagtyýarlyk döwrümiziň ajaýyp taryhy pursady — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy gadymy hem-de müdimi türkmen topragynda uludan toýlandy. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda uly dabaralara beslenen şanly toýumyz «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň belent dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy döretdi. Ýürekleriň bagt hakynda aýdym aýdýan şanly toýumyzyň ruhubelent dabaralary goýny üç ýüz altmyş pirli gadymy Daşoguz topragynyň çar künjüni gurşap aldy. Boýdan-başa şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar düýn welaýatymyzyň Baş baýdak meýdançasynda halkymyza erkinligi, bagtyýar, parahat durmuşy getiren Garaşsyzlyk gününiň ak säherinde Döwlet senamyzyň ajaýyp owazynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Döwlet baýdagymyzyň belende galdyrylmagy bilen ýaýbaňlandyrylan çäräniň başynda Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Henip Zahyrow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Kuwwat Mämmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Akmyrat Mämmedow dagy bu ýere ýygnananlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bilen gutladylar. Baýramçylyk gutlaglarynda dünýämize nuruny saçyp, göwnümize ganat beren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň üstünlikli geçen mejlisi, hormatly Prezidentimiziň ol mejlisdäki çuň mazmunly çykyşy barada aýratyn buýsanç bilen bellenilip geçildi. Kalplara joşgun, ýüreklere egsilmez ylham paýlaýan baş baýramymyzyň hormatyna soňra welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlaryň konserti guraldy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy bagtyýarlyk döwrümizde ýetilen belent derejeleriň ajaýyp beýany boldy. Arkadagly Watanymyzy, ösüşlere beslenýän bagtyýar durmuşymyzy, Garaşsyzlygyň halkymyza beren ajaýyplyklaryny dilleriniň senasyna öwrüp, aýdym-sazly çykyşlaryň üsti bilen beýan eden sungat ussatlarynyň we tans toparlarynyň çykyşlary baýramçylyk şowhunyny artdyrdy. Ak arzuwlarymyz kimin ajaýyp asmanymyza uçurylan owadan howa şarlary baýramçylygyň ýatda galyjy pursatlaryna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar bagtyýar döwri halkymyza peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

* * *

   Toý donuny geýen halkymyz Gahryman Arkadagynyň baştutanlygynda il agzybirliginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen belläp geçdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, halkymyza toý sowgady bolan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň dabaralar meýdançasy hakyky toý keşbine girdi. Daşoguz şäheriniň gözel binalary bilen ajaýyp sazlaşygy döredip duran binanyň töweregi baýramçylyk güni agşam geçirilýän dabaralaryň merkezine öwrüldi. Joşgunly aýdym-sazlary, belent owazlary bilen döwrümizi, Arkadag Prezidentimiziň berkarar eden ajaýyp zamanasyny, Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilen beýik bagtyny wasp edýän sungat ussatlary dabaranyň şowhunyny artdyrdylar. Medeniýet we sungat ussatlarynyň bu ýerde ýaýbaňlandyran hoş owazly çykyşlary dabara gatnaşýan ildeşlerimizde ýatda galyjy duýgulary döretdi. Daşoguzyň ajaýyp güýz gijesini ýagtylandyran baýramçylyk feýerwerki şanly toýuň şanyna tutulýan dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi. Şäheriň yşyklandyrylan we kemsiz bezelen baýramçylyk keşbine bezeg beren feýerwerk asuda asmanymyzy şuglalandyrdy. Ýürekleriň egsilmez ylhamy bolup, dünýä ýaň salan bu dabaralar mukaddes Garaşsyzlygymyza bolan belent hormat-sarpanyň aýdyň ýüze çykmasy boldy.

* * *

   Şanly senäň hormatyna «Garaşsyzlyk dillerde dessan — Arkadagly Watanda» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi Görogly etrabynyň medeniýet merkezinde geçirildi. Baýramçylyk konsertinde etrabyň çagalar sungat mekdebiniň akkordeonçylar toparynyň, çagalar sungat mekdebiniň bagşylar toparynyň we «Bedirkent» folklor tans toparynyň çykyşlaryna tomaşa edildi. Medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren aýdymlary Arkadagly Watanymyzyň waspy bolup ýaňlandy. Konsertiň ahyrynda «Arkadag» aýdymynyň aýdymçylar topary tarapyndan joşgunly ýerine ýetirilmegi ör turmak bilen alkyşlanyldy. Garaşsyzlygymyzyň, Arkadag Prezidentimiziň peşgeş beren bagtyýarlyk zamanasynyň waspy joşgunly mukamlaryň, belent owazly aýdymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi.