2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Döwlet sylaglary gowşuryldy!

     Döwlet sylaglary gowşuryldy!

     Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli dabaralar ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde zähmetde tapawutlanan raýatlary döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlara gol çekdi. Döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy welaýatymyzda-da guramaçylykly geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döwlet sylaglaryna, hormatly atlara mynasyp bolan bagtyýar raýatlar gatnaşdylar. Dabarada welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow gutlag sözi bilen çykyş edip, önümçiligiň öňdebaryjylaryna mynasyp bolan döwlet sylaglaryny gowşurdy. Döwlet sylaglarynyň arasynda «Zenan kalby» ordeni, «Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy» diýen belent at, «Gaýrat», «Watana bolan söýgüsi üçin» medallary, «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bar. Döwlet sylagyna mynasyp bolan raýatlar ýurdumyzda işlemäge, döretmäge, gurmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.