2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bagtyýar raýatlara baýramçylyk sowgady!

   Bagtyýar raýatlara baýramçylyk sowgady!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda uludan toýlanan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy bagtyýar halkymyzyň durmuşynda ýatda galyjy pursatlara beslendi. Türkmenistan döwletimiz özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine ygrarly bolmak bilen, Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk esasynda raýatlygy bolmadyk adamlara ýurdumyzyň raýatlygyny bermek boýunça birnäçe işleri durmuşa geçirýär. «2024-nji ýyla çenli raýatsyzlygy ýok etmek boýunça hereketleriň Milli meýilnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmekde bu halkara gurama bilen bilelikde üstünlikli işler geçirilýär. Şanly toýumyzyň dabaralanýan günlerinde hormatly Prezidentimiziň  Permany bilen, 2657 adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi. Bu bagtyýar raýatlar üçin şanly toýumyza barylýan günlerde ajaýyp sowgat boldy. Raýatlyga kabul edilen adamlara Türkmenistanyň raýatlyk pasportunyň gowşurylyş dabarasy welaýatymyzda-da uly ruhubelentlige beslenip, baýramçylyk ruhunda geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we raýatlyga kabul edilen adamlar gatnaşdylar. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýaty boýunça müdirliginiň harby gullukçysy, kapitan Berdimyrat Ataýew, müdirligiň harby gullukçysy, uly leýtenant Nejepmyrat Berdimyradow, raýatlyga kabul edilen Daşoguz şäheriniň ýaşaýjylary Soltanpaşşa Jumaniýazowa, Göwher Atajanowa dagy çykyş edip, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň ynsan baradaky aladalardan gözbaş alýandygyny bellediler. Hormatly Prezidentimiziň bagtyýar raýatlaryň ýurdumyzda erkana, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan beýik işlerine bolan hoşallyk sözleri ýürekleriň töründen joşup çykdy.