2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Göwünleri galkyndyran ajaýyp eser!

   Göwünleri galkyndyran ajaýyp eser!

  Ajaýyp döwrümizde uludan tutulan Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy göwünlerimizi galkyndyrdy. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen dabaralar halkymyzyň durmuşynda aýratyn ýatda galyjylygy bilen tapawutlandy. Täze taryhy eýýamda milli demokratik kadalara esaslanyp geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini nobatdaky gezek görkezdi. Bu taryhy maslahatda hormatly Prezidentimiz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabyny halkymyza peşgeş berdi.

   Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyzlyk hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünjedir, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň berk esasydyr» diýip bellemek bilen, özüniň ajaýyp kitaby bilen gysgaça tanyşdyrdy. «Garaşsyzlygymyzyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini men şu kitabymda açyp görkezmäge çalyşdym» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz bu kitapda beýan edýän pikirlerini halkymyza ýetirdi. Ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda möhüm orna eýe bolan Garaşsyzlyk düşünjesi mukaddes düşünjedir. Ata-baba arzuwlarynyň wysala ýetmeginde Garaşsyzlygyň orny örän uludyr. Döwletimiziň ykdysady, medeni, syýasy taýdan ösen derejelere ýetmeginde ýurt Garaşsyzlygymyzyň miweleri bu gün bagtyýar durmuşyň kepiline öwrülýär. Otuz ýyllyk buýsançly taryhy arka atan halkymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň gymmaty barada hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynda giňişleýin durlup geçilýär. Ösüş-özgertmeleriň, ýeňişli menzilleriň gazanylmagynda uly ähmiýete eýe bolan Garaşsyzlyk halkymyzyň uzak geçmişi külterlän beýik taryhynda-da köňül arzuwy bolup ýaşapdyr. Garaşsyzlyga bolan garaýyş halkymyzyň milli mirasynda, döredijilik eserlerinde häzirki ajap eýýamymyzda mynasyp waspyna eýedir. Mert pederlerimiziň arzuwyna gowşan milletimiziň bu düşünjä aýratyn many bermegi tötänden däldir. Bular barada pikirler kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şeýle ajaýyp eserleri halkymyza peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, galamy ýiti bolsun!