2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Özbaşdaklyk bagtynyň dörediçilik beýany!

     

     ÖZBAŞDAKLYK BAGTYNYŇ DÖREDIJILIK BEÝANY.

   Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy hakyky toý sowgady boldy. Ýubileý toýa gabatlap, milli Liderimiziň baý döredijilik ylhamyndan joşup çykan ajaýyp kitaby hiç zat bilen ölçäp bolmaýan beýik düşünje, döwletimiziň, halkymyzyň agzybirliginiň we bitewüliginiň berk esasy hasaplanýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gymmaty dogrusyndaky maglumatlara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň giň halk köpçüliginiň arasynda tanyşdyrylyş dabaralary dowam edýär. Welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen tanyşdyrylyş dabarasy hem baý many-mazmunly boldy. Oňa Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, welaýatyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Mejlisine welaýatymyzyň dürli pudaklaryndan gatnaşan wekiller, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlar, bilim, medeniýet, sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Tanyşdyrylyş dabarasynda, ilki bilen, welaýat häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýändigini uly buýsanç bilen belledi. Täze neşiriň bu günki gün türkmen döwletiniň bähbitleriniň şöhratly ata-babalarymyzyň asyrlarboýy edip gelen arzuwlaryna laýyk gelýändigi hem-de häzirki we geljekki nesilleriň bähbitleri bilen utgaşýandygy, şol düşünjelerden ugur alnyp, mukaddes türkmen topragynda täze durmuşyň gurulýandygynyň giňden beýan edilýändigi bilen gymmatynyň egsilmezdigini nygtap geçdi. Soňra Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary — TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, welaýat çagalar sungat mekdebiniň direktorynyň orunbasary Almagül Nazarowa, S.A.Nyýazow adyndaky etrapdaky 9-njy çagalar bagynyň müdiri Enejan Amanýazowa, şeýle hem TAP-niň welaýat komitetiniň başlygy Akmyrat Mamedow, Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy Ýazguly Ataýew, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, şahyr Dädebaý Nartyýew, Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň edebiýat-dramaturgiýa bölüminiň ýolbaşçysy Öremyrat Öwezow, TMÝG-niň Ruhubelent etrap geňeşiniň başlygy Ýakup Atabaýew dagy çykyş etdiler.

     Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň «Howpsuz, özerkli ýaşaýşyň galasy», «Türkmen halky — döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk eýesi», «Budur türkmen binasy!», «Galkynyşyň, ösüşiň, bagtyýarlygyň täze taryhy eýýamy», «Gözbaşlar joşly bolsa, bagtyňdan rowaçlyk hem üstünlik çykar», «Türkmen topragy — bereket mekany», «Türkmen halky — dörediji we gurujy halk», «Nusgalyk işler, ilkinjilik, täze önümçilikler, baý tejribe — ösüşiň özeni», «Ýoluňyz ak bolsun!», «Kalbyňyz hem ojagyňyz nurly bolsun!», «Ýaşyl ykdysadyýet» — ýaşaýyş ýörelgesi», «Bazary baryň baýlygy bar», «Garaşsyzlyk bilen geçmişlidiris, şu günlüdiris, geljeklidiris» ýaly bölümlerinde Garaşsyzlygymyzyň milli kökleri, taryhy ähmiýeti giňden açylyp görkezilýär. Häzirki döwrüň möhüm wezipelerini çözmekde Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkara hukuk ýagdaýynyň orny çuňňur beýan edilýär. Şonuň ýaly-da Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirilen beýik maksatlary mundan beýläk-de amala aşyrmagyň mümkinçilikleri hemmetaraplaýyn seljerilýär. Merdana ata-babalarymyzyň erkin, bagtyýar durmuş baradaky arzuw-islegleriniň, şöhratly geçmişimiziň, şu günümiziň hem-de mähriban Watanymyzyň beýik geljeginiň düýp özeni bolan Garaşsyzlygyň halkymyz hem umumadamzat bähbidi üçin bolluk bilen eçilen miweleri dogrusynda jikme-jik gürrüň edilýär. Giň okyjylar köpçüligi üçin ýolgörkeziji şamçyraga öwrüljek bu gymmatly eseriň bezeg aýratynlygy onuň mazmuny bilen has-da sazlaşýar. Şonuň ýaly-da kitapdaky söhbediň türkmen, rus hem iňlis dillerinde beýan edilmegi türkmeniň özbaşdaklyk bagtynyň näderejede belentdigine tutuş dünýä okyjylarynyň göz ýetirmegine giň mümkinçilikleri berýär. Bu bolsa türkmen döwletiniň hem halkynyň abraý-mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeldýär. Şeýle buýsançly jümleler çykyş edenleriň gürrüňlerinde giň beýanyny tapdy. Dabaranyň dowamynda halkymyzyň baky bagtyýarlygy ugrunda gurýan, döredýän Gahryman hem mähriban Arkadagymyzyň şular ýaly pähim-paýhasa eýlenen ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp, döwet galamynyň mundan beýläk hem ýiti bolmagy arzuw edildi. Dabaranyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet hem sungat ussatlarynyň taýýarlan çykyşlaryna utgaşdy.

* * *

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabyny halkymyza sowgat bermegi mynasybetli dabara Türkmen oba hojalyk institutynda hem geçirildi. Dabarada «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze kitabyň her bir jümlesiniň içinden hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyza, egsilmeýän hazynaly ene topragymyza bolan söýgüsiniň, buýsanjynyň eriş-argaç bolup geçýändigi buýsanç bilen nygtalyp geçildi. Täze kitabyň her bir bilim işgäriniň ýankitabyna öwrüljek gymmatly gollanma boljakdygy barada aýdyldy. Dabaranyň dowamynda ýokary okuw mekdebiniň medeniýet merkeziniň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýladylar. Çykyşlarda milletimiziň kalby deý nurana, türkmen tebigaty deý owadan ýaşyl Baýdagymyzyň, döwlet berkararlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň, asudalygymyzyň, erkinligimiziň, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň waspy giňişleýin beýan edildi. Işjeň ýagdaýda geçen dabara gatnaşyjylar milli bilim ulgamyny mundan beýläk ösdürmek ugrunda durmuşa geçirýän özgertmeleri, halkymyza beren şeýle ajaýyp peşgeşi üçin milli Liderimize alkyşlaryny beýan etdiler.

* * *

Şeýle çäreleriň biri Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde TSTP-niň welaýat komitetiniň guramagynda geçirildi. Dabarada TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Myratgeldi Goçmedow, partiýa guramaçysy Bekmyrat Piriýew, «Ynsan kalby» hususy kärhanasynyň direktory Agamyrat Söýünow, agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Aýgözel Sapaýewa, Kuwwat Meredow dagy çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly täze eseriniň üsti bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna has-da aýdyň göz ýetirýärsiň. Kitaby okanyňda, Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünliklere, ýetilen belent sepgitlere bolan buýsanç kalbyňa dolýar. Çykyş edenler şular dogrusynda belläp, 13 bölümden ybarat bolan bu kitabyň Garaşsyzlygymyzyň taryhy ähmiýeti, milli kökleri dogrusyndaky maglumatlary, fotosuratlary özünde jemleýändigi barada giňişleýin gürrüň etdiler. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler halkymyzy erkana döwrüň goýnunda ýaşadýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp, galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.