2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Baýramçylygyň şanyna!

     Baýramçylygyň şanyna!

   Golaýda welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe bagyşlanyp dabaraly maslahat geçirildi. «Garaşsyzlyk - bagtymyzyň ganaty, Arkadagym berdi bu ajap bagty» diýen şahyrana at bilen guralan bu baýramçylyk çäresini saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi welaýat kitaphanasy we «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkezi bilen bilelikde guradylar. Dabaraly maslahaty TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow açdy we bu ýere ýygnananlary hünär baýramçylygy bilen gyzgyn gutlady. Soňra «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň baş lukmany Merdan Gurbanow, şu merkeziň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Gözel Hanyýewa, lukmany Iýmiş Baýramdurdyýewa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Kemal Kömekow dagy çykyş etdiler. Dabaraly maslahatdaky çykyşlarda milli Liderimize, barha pajarlap ösýän berkarar Watanymyza söýgi hem buýsanç beýan edildi. Maslahatyň ahyrynda «Gaýragoýulmasyz tiz kömek» merkeziniň öňdebaryjy saglygy goraýyş işgärlerine baýramçylyk sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.