2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Döwrebap hassahanalar — döwrebap hyzmatlar!

  

     Döwrebap hassahanalar — döwrebap hyzmatlar!

     Hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda bellenilişi ýaly, saglyk jemgyýetçilik gymmatlygy bolmak bilen, döwletiň ösüşleriniň esasy kesgitleýjisi hökmünde häsiýetlendirilýär. Adamlaryň durmuşy gönüden-göni olaryň saglygy bilen baglanyşyklydyr. Saglyk baradaky alada ynsan ömri baradaky aladadyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen, ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy yzygiderli kämilleşdirilýär. Berkarar ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda häzirki zaman saglygy goraýyş ulgamynyň talaplaryna doly kybap gelýän döwrebap hassahanalar, saglyk merkezleri gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyna degişli merkezleriň birnäçesiniň gurluşygy dowam etdirilýär.

     Şeýle binalaryň biri hem welaýatymyzyň merkezi şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina edilýän 450 orunlyk köpugurly hassahana we 150 orunlyk onkologiýa hassahanasydyr. Hormatly Prezidentimiziň 2019-njy ýylyň 17-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, welaýat häkimliginiň buýurmasy esasynda gurluşygy alnyp barylýan bu iri hassahanalar ýurdumyzda adam hakda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasydyr. Jemi 15 gektar meýdany tutýan bu döwrebap desgalaryň gurluşygyny «Ajaýyp gurluşyk» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary alyp barýarlar.

— Gurluşygyny alyp barýan bu iri desgalarymyzda häzirki zaman şäher gurluşygynyň gazananlary we milli binagärligiň aýratynlyklary göz öňünde tutulandyr. 450 orunlyk köpugurly hassahana 8 blokdan ybarat bolup, şu günler aýry-aýry bloklarda gurluşyk işleri tapgyrlaýyn dowam etdirilýär. Binanyň dürli bloklarynda kerpiç örme, üçek basyrma, suwag we timarlaýyş, betonlamak, daşky diwarlary kafel bilen örtmek, santehnika, howalandyrma we elektromontaž, aýnalary gurnamak, petik gurnama, esasy daşky giriş merdiwanlarynyň demir-beton işleri alnyp barylýar. Hassahananyň gurluşygynda dürli hünärli işçileriň 946-sy iki çalşykda zähmet çekýärler. Şol bir wagtda 150 orunlyk onkologiýa hassahanasynyň gurluşygy hem dowam etdirilýär. Bu bina 6 blokdan ybarat bolup, onuň gurluşygynda kerpiç örme, pollaryny tekizleýji sement-çäge ergini bilen betonlamak, içki inženerçilik ulgamlaryny gurnamak, diwarlary timarlamak, merdiwanlaryň demir-beton işleri güýçli depginde dowam etdirilýär. Naharhana binasynda gorag betonyny guýmak işleri tamamlanyp, onuň düýbüniň demirlerini dokamak işleri dowam etdirilýär. Bu ýerde hem gurluşyk işleri 2 çalşykda alnyp barlyp, onda jemi 731 içşi gaýratly zähmet çekýär. Şu günler gurýan binalarymyzyň gurluşyk işlerinde ýüzlerçe hünärmenler zähmet çekip, olar ýörite tehnikalara ussatlyk bilen erk edýärler. Gurluşyk işleriniň depginli gitmeginde Sabyr Jumadurdyýew, Merdan Gaýypow, Meýlis Durdyýew, Serdar Sähedow, Narbek Başarykow dagy has-da tapawutly işleýärler. Gurluşyk üçin gerek bolan materiallaryň getirilmegi yzygiderli dowam etdirilýär — diýip, hususy kärhananyň gurluşyk meýdançasynyň başlygy Ýazmyrat Gurbandurdyýew meýdançada alnyp barylýan işler hakynda bu ýerde bolanymyzda gürrüň berdi:

— Täze bina edilýän köpugurly hassahananyň dört gatly binalar toplumynyň umumy tutýan meýdany 8,5 gektara barabar bolup, onuň düzüminde köpugurly hassahana, patologik anatomiýa bölümi, bug-gazan we suw paýlaýjy desgalar, suw howdanlary, ussahanalar we ammarlar, transformator bekedi, awtoduralga, kislorod binasy, dikuçar meýdançasy, gaýry ähmiýetli dürli desgalar bar. Täze hassahanada maslahat beriş, fizioterapiýa, arterial ýokary gan basyşy, pulmonologiýa we allergologiýa, kelle beýnisiniň gan aýlanyşy, endokrinologiýa we endokrin hirurgiýasy, rewmokardiologiýa, umumy kardiologiýa we ýürek işemiýasy keselleri, neýrohirurgiýa, torokal, trawmatologiýa we ortopediýa, urologiýa we nefrologiýa, operasiýa, kabul ediş laboratoriýa we beýleki bölümler bolup, olar ilata dünýä derejesinde ýokary hilli bejeriş-öňüni alyş hyzmatlaryny etmäge mümkinçilik berýän öňdebaryjy döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün ediler. Şeýle hem hassahanada bejergi alýan näsaglaryň hem-de olary soramaga gelýänleriň dynç almagy üçin gök zolak hem göz öňünde tutulandyr. Köpugurly hassahana bilen bilelikde gurluşygy dowam etdirilýän onkologiýa hassahanasynyň umumy tutýan meýdany 5,9 gektara barabar bolup, ol 150 adama niýetlenendir. Döwrebap hassahana dürli ähmiýetli binalar toplumyndan ybarat bolar. Onuň dürli gatly alty blogynda umumy onkologiýa, himiýaterapiýa, klinika-dispanser gözegçiligi, operasiýa, radiologiýa we beýleki zerur bölümler göz öňünde tutulandyr. Mundan başga-da, bu ýerde kislorod binasy, dermanhana, edara otaglary, suw howdanlary, ussahanalar we ammarlar hem-de beýleki zerur binalar gurlar. Bu hassahanada hem ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň giň görnüşini üpjün edýän ýöriteleşdirilen täze enjamlar goýlar. Meýdany 24000 inedördül metre golaý bolan dürli baglardan ybarat dynç alyş zolagy hem abadanlaşdyrylar.

     Hawa, bu binalaryň ulanylmaga berilmegi bilen, şäheriň häzirkizaman keşbi has-da gözelleşer, raýatlara döwrebap lukmançylyk hyzmatlary ediler. Bu binalar sebitde ynsan saglygynyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar. Göz öňünde tutulýan işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi «Daşoguz welaýatyny 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň we onuň oňyn netijeleri berýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüler.