2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Ynsan saglygy hakdaky alada!

     Ynsan saglygy hakdaky alada!

    Häzirki wagtda ynsan saglygy hakdaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry hökmünde durmuşa geçirilýär. Ynsan saglygyny goramakda we dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Häzirki wagtda dowam edýän süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmegiň biraýlygynyň çäklerinde duşuşyklar guralýar. Golaýda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde hem bu babatda täsirli gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň süýt mäz çiş keselleri bölüminiň ylmy işgäri Çary Batyrow, şu merkeziň kätibi, alym, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ata Bäşimow, welaýat onkologiýa hassahanasynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Amandurdy Şawyýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda howply täze döremeleriň, çiş keselleriniň öňüni almak boýunça ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň durmuşa geçirilýändigi, süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň ýerli ýaýran görnüşiniň bejerilişini kämilleşdirmek, onuň öň ýanyndaky keselleri anyklaýyş usullary we olaryň bejerilişi, täze döremeleriň wagtynda öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli işler, arassaçylyk kadalaryny doly berjaý etmek, şu mowzuklar boýunça zenanlaryň, ýaş gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini güýçlendirmek barada täsirli söhbet edildi. Çykyşlaryň wideoýazgy arkaly berkidilmegi bolsa onuň täsirliligini artdyrdy. Ynsan saglygy hakdaky aladany ähli zatdan ileri tutýan we bu babatda derwaýys işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize alkyş aýdyldy.