2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Kombaýnlaryň ygtybarly kömegi!

 

     Kombaýnlaryň ygtybarly kömegi!

     S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň dürli ugurlarda, şol sanda pagtaçylykda gazanýan üstünlikleri köplere mälimdir. Munuň özi onda alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmagynyň, kärendeçi daýhanlaryň hyjuw-höwesleriniň artdyrylmagy baradaky aladalaryň, şonuň bilen birlikde-de, gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde, ony öz wagtynda ýygnap almakda tehnikanyň güýjünden öndürijilikli peýdalanylmagynyň berýän netijesidir. Üstümizdäki «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary 7300 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekdiler. Şu günlerde pagta ýygýan kombaýnlaryň güýji bilen Was düzlügindäki meýdanlarda pagta ýygymyny alyp barmaga aýratyn üns berilýär. Çünki bu düzlükde hojalygyň gowaça ekilen 2 müň gektardan gowrak ýeri bar. Olaryň esasy böleginde kombaýnlar ulanylýar. Şu günler paýdarlar jemgyýetiniň düzlükdäki meýdanlarynda pagta ýygýan kombaýnlaryň 20-ä golaýy işledilýär.