2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bereketli hasylyň binýady!

     Bereketli hasylyň binýady!

    Boldumsaz etrabynyň «10 ýyl abadanlyk» daýhan birleşiginiň babadaýhanlary şu möwsümde 1310 gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmegi maksat edinip, şu mahala çenli onuň esasy böleginde bu çäräni ýokary derejede amala aşyrypdyrlar. Maglumatlara görä, birleşigiň 8-nji kärendeçiler toparynyň agzalarynyň köpüsi has irki möhletlerde öz ýerlerine tohum sepipdirler. Olardan Aýdogdy Hudaýberdiýew, Aýjemal Ilbaýewa, Merjen Söýünowa we beýlekiler özleriniň kärende ýerlerinde kadaly gögeriş gazanypdyrlar. Häzirki döwürde bu kärendeçiler bugdaýyň ideg işlerine girişmäge taýýarlyk görýärler. Daýhan birleşiginde Bazarbaý Duşemowyň ýolbaşçylyk edýän 1-nji, Hemdem Hoşamanowyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň hem bugdaý ekişinde öňe saýlanýandyklaryny bellemek zerurdyr. 10-njy kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Yslam Abudow ekin meýdanynda jemi 101,8 gektarda bugdaý ekişini geçirmegiň göz öňünde tutulandygyny, şu güne çenli onuň 96 gektarynyň ekilendigini aýtdy.

— Ynha, şu gün ekiş geçirýän ýerlerimiz Bazar Nobatow, Ýazgül Ýegenmädowa, Kamiljan Çowdurow daga degişli bolup, olar jemi 5 gektardan ybarat — diýip, Yslam Abudow sözüni dowam etdirdi: — Şu ýerleri ekip gutarsak, biziň toparymyzda bugdaý ekişi tamamlanýar. Biz daýhan birleşigimizde öňdäkileriň hatarynda bugdaý ekişine girişmek bilen, şu güne çenli onuň depginini gowşatman geldik. Bu bolsa şeýle netijäni gazanmaga mümkinçilik berdi. Şol pursatda bu meýdanlarda etrap tehniki hyzmat ediş kärhanasyna hem-de daýhan birleşiginiň özüne degişli kuwwatly traktorlaryň ençemesi sürüm, borona-mala basmak ýaly işleri ýerine ýetirip ýördi. Bu ýerde ekişe gatnaşýan mehanizatorlaryň arasynda Töre Annaýew, Hemra Satlykow, Guwanç Geldibaýew dagy hem bar eken. Bu toparyň agzalarynyň hem köpüsiniň kärende meýdanlarynda bugdaý kadaly gögeriş beripdir. Maksut Tursunbaýewiň 2, Maýsa Bazarowanyň 2,5, Roza Japakowanyň 1,5 gektara barabar kärende ýerleri eýýäm ýaşyl öwüsýär.