2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Tokaýçylaryň haýyrly işleri!

 

     Tokaýçylaryň haýyrly işleri!

   Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýyl köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak dabaralary geçirilýär. Ýurdumyz saýaly baglaryň, miweli agaçlaryň we tokaý zolaklarynyň mekanyna öwrülýär. Diýarymyzyň dürli künjekleriniň şunuň ýaly gözel keşbe eýe bolmagynda tokaý hojalyklarynyň işiniň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň Milli tokaý maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýan welaýat tokaý hojalygynyň bagbanlary tyllaýy güýz paslynyň häzirki günlerinde dürli görnüşli agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmek we olara göwnejaý ideg etmek işlerini ýokary derejede alyp barýarlar. Häzirki wagtda hojalygyň 47 gektara barabar nahalhanalary bolup, ol ýerlerde pürli, saýaly, miweli agaç nahallarynyň we çöl ösümlikleriniň millionlarçasy ýetişdirilýär. Agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmekde esasan, toprak-howa şertlerimize laýyk gelýän durnukly, ýokary hilli bag tohumlary peýdalanylýar. Agaç nahallaryna agrotehnikanyň talaplaryna laýyk, göwnejaý ideg etmekde kuwwatly tehnikalardan peýdalanylýar. Bütin ýylyň dowamynda ýörite nahalhanalarda ýetişdirilen agaç nahallary baglaşylan şertnama laýyklykda, dürli ýerlere ugradylýar. Güýzki bag ekmek möwsümine hojalyk boýunça pürli we saýaly agaç nahallarynyň 100 müň, üzümiň 200 müňden gowrak, miweli agaçlaryň bolsa 500 müň düýbi taýýarlanylýar. Bu ýerde nahallar tohumyndan hem ýetişdirilýär. Şeýle-de, hojalygyň meýdanynda ýörite ýyladyşhana bolup, ol ýerde ösümliklerdir gülleriň, bezeg agaçlarynyň dürli görnüşleri bar. Hojalykda bezeg agaçlary esasan, bedrelerde ýetişdirilýär. Welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri sazak tokaýlyklaryny goramak we köpeltmek boýunça işleri hem yzygiderli alyp barýarlar. Bu işler hojalygyň Gubadag, Görogly, S.A.Nyýazow adyndaky, Boldumsaz, Saparmyrat Türkmenbaşy, Gurbansoltan eje adyndaky, Akdepe, Köneürgenç etraplaryndaky tokaý hojalyk bölümlerinde göwnejaý alnyp barylýar. Hojalygyň hünärmenleri nahalhanalary tohum bilen üpjün etmek üçin her ýylyň şu paslynda sazak tohumyny ýygnaýarlar. Nahalhanada ýetişdirilen nahallar welaýatymyzyň çöllük ýerlerinde, şol sanda, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen döredilen Bötendag belentliginiň 20 müň gektara barabar bolan ýaşyl zolagynda ekilýär. Umuman, welaýat tokaý hojalygynyň zähmetsöýer işgärleri hemişe bolşy ýaly, şu günler hem hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy, onuň gözelliklerini goramak we baýlaşdyrmak baradaky sargytlaryny üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, bag nahallaryny taýýarlamak işini ýokary derejede dowam etdirýärler. Işleriň şunuň ýaly göwnejaý alnyp barylmagy bolsa, öňümizdäki güýzki bag ekmek möwsüminde welaýatymyzyň ilatyny zerur bolan bag nahallary bilen üpjün etmäge ýardam eder.