2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Welaýatymyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy!

  

  

     Welaýatymyzda bugdaý ekişi üstünlikli tamamlandy!

   Welaýatymyzyň zähmetsöýer gallaçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň güýzki bugdaý ekişi möwsümine hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, 3-nji sentýabrda dabaraly ýagdaýda girişip, täze ýylyň bereketli hasylynyň esasy binýady bolan bu çäräniň depginini ýokary götermek bilen, onuň öndürijilikli dowam etdirilmegini gazandylar. Şeýlelikde, şu geçen döwürde welaýatymyz boýunça 145 müň gektar ýere bugdaý ekmek boýunça öňde goýlan wezipe üstünlikli berjaý edildi. Munuň özi möwsümiň dowamynda kärendeçi daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän adamlaryň agzybirlikli zähmetiniň aýdyň netijesidir. Belli bolşy ýaly, ekiş möwsüminde ähli derwaýys çäreler guramaçylykly ýaýbaňlandyryldy. Şonda bu işde dürli kysymly traktorlaryň 3 müňe golaýynyň, ekiji gurallaryň 510-dan gowragynyň güýjünden peýdalanylyp, olara tehniki, ýangyç hyzmatlary iş üstünde guraldy. Şeýle hem mehanizatorlaryň, kärendeçi daýhanlaryň öz işlerine bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, medeni-durmuş çäreleri yzygiderli geçirildi. Bu babatda jemgyýetçilik guramalarynyň, degişli edaralaryň işgärleri ýakyndan ýardam berdiler. Şu ýylky bugdaý ekiş möwsüminiň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli, Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ýaşyl öwsüp oturan bugdaýly meýdanynyň töwereginde toý dabarasy guraldy. Bu ýerde ajaýyp görnüşler bilen bezelen ak öýler, belent sahna, oba hojalyk önümleriniň, medeni-durmuş mirasymyzyň gymmatlyklarynyň, hormatly Prezidentimiziň, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň kitaplarynyň sergileri özboluşly baýramçylyk ruhuny döredip, hemmeleriň ünsüni çekdi. Gelin-gyzlaryň halkymyzyň gadymy däplerine eýerip taýýarlan toý nygmatlarynyň, dürli tagamlarynyň ýakymly ysy töweregi gurşap aldy. Dabaranyň dowamynda welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň ata Watanymyzy, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazlarynyň owazy belent ýaňlanan bolsa, tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary toý märekesine ruhubelentlik bagyş etdi. Şonuň ýaly-da bu ýere ýygnanan hünärmenler, kärendeçi daýhanlar üçin bugdaýa ideg etmegiň usullary,  dürli gurallary, dökün we beýleki serişdeleri ulanmagyň tärleri barada görkezme çäreleri guraldy. Şunlukda, bu dabara zähmetsöýer gallaçylarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.