2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

El işleriniň sergisi!

    El işleriniň sergisi!

    TKA-nyň welaýat birleşmesi Türkmen oba hojalyk institutynyň ilkinji zenanlar guramasy bilen bilelikde institutyň medeniýet merkezinde el işleriniň sergisini we aýdym-sazly söhbetdeşlik çäresini gurady. Toý ruhunda geçirilen bu çärede agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Gülruh Haljanowa, institutyň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy Aýjeren Tagandurdyýewa, şol kafedranyň mugallymy Güljan Nazarowa, maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy Selbi Meredowa, institutyň 2-nji ýyl talyby Dünýä Ýazmedowa, 3-nji ýyl talyby Mährijemal Amanowa dagy el işleriniň ýaş nesilleri terbiýelemekdäki ähmiýeti, kürtelere, tahýalara salynýan keşdeleriň aýratynlyklary, alajanyň görnüşleri, örüm işleri, ulanylýan sapaklaryň boýag aýratynlyklary barada giňişleýin gürrüň etdiler. El işleriniň sergisi bilen utgaşykly ýaňlanan aýdym-sazly çykyşlar gaýtalanmajak sungaty döredýän zenanlarymyzyň waspyna öwrüldi. Dabaraly pursatlaryň dowamynda milli mirasymyzy öwrenmäge, ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.