2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Bagtyýar geljegiň kepili!

      Bagtyýar geljegiň kepili!

      Sagdyn durmuş ýörelgesine uýup ýaşaýan merdana halkymyz bu gün bagtyýar geljeginiň binýadyny has-da berkidýär. Nesilleriň saglygyny goramak bolsa ertirki günüň aýdyň, ýagty bolmagyny gazanmakdyr. Muňa doly düşünýän halkymyz häzirki wagtda-da bu meselä aýratyn ünsli çemeleşýär. Bagtyýar durmuşymyzyň kepiline öwrülen sagdynlyk ýörelgesi Gahryman Arkadagymyzyň üstünlikli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň Türkmen oba hojalyk instituty bilen bilelikde guran maslahaty hem Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin «Sagdyn ene — sagdyn çaga — sagdyn  geljek» atly Milli strategiýany durmuşa ornaşdyrmakda bilim ulgamynda alnyp barylýan işlere bagyşlandy. Institutyň medeniýet merkezinde geçirilen maslahatda mährem ene Gülsenem Jepbarowa, welaýat zenanlar bölüminiň kätibi Leýla Akbaýewa, saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň direktory, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Bahar Piriýewa, Daşoguz şäheriniň 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany Mähri Garaýewa, TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Çynar Mämedowa dagy çykyş edip, ýurdumyzda zenanlaryň orny, gender deňligini üpjün etmekde amala aşyrylýan işler barada buýsançly belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda zenanlaryň döredijilikli zähmet çekmekleri, erkana, eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.