2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Pagtaçylaryň zähmet üstünligi!

     

          PAGTAÇYLARYŇ ZÄHMET ÜSTÜNLIGI!

       Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalarynyň netijesinde, döredilýän şertlerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýan S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň pagtaçylary «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda döwlete pagta tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny welaýatymyzda ilkinji bolup ýerine ýetirdiler. Şonda şu ýylyň baharynda gowaça ekilen 21 müň gektardan 40,5 müň tonnadan gowrak «ak altyn» ýygnalyp, Watan harmanyna goşuldy. Gazanylan bu üstünlikde S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, «Bossan», «Medeniýet» we beýleki daýhan birleşikleriniň mynasyp paýlary bar. Ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap almakda ezber elli ýygymçylaryň, öz kärine ökde kombaýnçylaryň köp sanlysy oňat görelde görkezdiler. Şeýlelikde, bu üstünlik golaýlap gelen Hasyl toýuna mynasyp zähmet sowgady boldy. Häzirki wagtda etrapda pagta ýygymy gyzgalaňly dowam edýär.

* * *

         Gubadag etrabynyň pagtaçy daýhanlary hem Watan harmanyna 21 müň 600 tonnadan gowrak «ak altyn» goşmak bilen, şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Munuň özi etrabyň hasyl ussatlarynyň hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky aladalaryna mynasyp işleri bilen jogap bermegi maksat edinip, gowaça ekilen 12 müň 100 gektar meýdanda alyp baran giň gerimli işleriniň guwandyryjy netijeleri berendigini aňladýar.Etrabyň «Türkmenistan», «Döwletli», «Bereket» daýhan birleşikleriniň kärendeçi daýhanlary öz şertnamalaýyn borçnamalaryny öňdäkileriň hatarynda ýerine ýetirmek bilen, bu üstünlige saldamly goşantlaryny goşdular. Häzirki wagtda pagtaçylar ýygymy gowşamaýan depginde dowam etdirýärler.