2021-nji ýyl «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Dabaraly maslahat!

       DABARALY MASLAHAT!

      «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly hem taryhy wakalaryny giňden dabaralandyrmak, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli belent tutumlaryň many-mazmunyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, golaýda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we dost-doganlygyň mekany» atly şygar astynda geçirilen maslahata medeniýet, gurluşyk we senagat, awiasiýa we aragatnaşyk hem-de energetika pudaklarynda zähmet çekýän KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda KA-nyň welaýat birleşmesiniň bölüm müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Mämmetdurdy Muhammedow, Jumagül Hojaýewa, şeýle hem «Daşoguzpoçta» welaýat kärhanasynyň 3-nji aragatnaşyk bölüminiň operatory Merjen Gurbanowa, «Daşoguzobagurluşyk» önümçilik birleşiginiň 3-nji gurluşyk-gurnama taslama kärhanasynyň hünärmeni Begli Şyhyýew, welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri Bahar Amanowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda ata Watanymyzyň, bagtyýar halkymyzyň eşretli şu gününi we bagtly geljegini üpjün edýän Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän her bir tutumyň halkyň bähbidine, döwletiň ösüşine, dünýä jemgyýetçiliginiň abadan durmuşyna gönükdirilýändigi uly buýsanç bilen bellenildi. Baky Bitaraplygymyzyň 26 ýyllyk şanly toýuna görülýän taýýarlyk işleri barada aýdylyp, döwrümiziň ýaňyna mynasyp ses goşmakda hemmelere üstünlik arzuw edildi.