Geografiki ýerleşişi we administratiw-territorial bölünişigi.
Daşoguz welaýaty Amyderýanyň aşaky akymynyň ýakasynda ýerleşip, demirgazykda Özbegistan Respublikasynyň Garagalpagystan Awtonom Respublikasy bilen araçäkleşýär. Daşoguz welaýaty 1939-nji ýylyň 11-nji noýabrynda döredildi. Onuň tutýan meýdany 73,4 inedördül kilometrden ybaratdyr. Welaýatyň merkezi Daşoguz şäheri. Daşoguz welaýaty administratiw bölünişi boýunça: 2 sany şäherden, 9 sany etrapdan durýar.