2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy

                «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy.

      «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasy 1985-nji ýylda döredilen. Goraghananyň umumy tutýan meýdany 648 gektara barabar. Welaýat möçberinde bolsa 125 ýadygärlik ýerleşýär. Goraghana iki toplumdan durýar. Birinji toplum Nejmeddin Kubra ýadygärlikler toplumy, ikinji Törebeg hanym ýadygärlikler toplumy bolup, olar türkmen binagärliginiň ajaýyp dürdäneleri hasaplanýar. Köneürgenjiň ýadygärliklerini synlamaga her ýylda ýerli raýatlaryň 110-120 müňden gowragy, döwlet we hususy syýahatçylyk kärhanalarynyň 25-sinden, 50-den gowrak döwletden daşary ýurtly syýahatçylaryň we jahankeşdeleriň 3-4 müňden gowragy gelýärler. Goraghanada indi birnäçe ýyllardan bäri yzygiderlike Akgala ýadygärliginde hem-de Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» geňeşliginde ýerleşen Yzmykşir galasynda gala diwarlaryny dikeltmek işleri alnyp barylýar. Berkarar döwletimiziň, Bagtyýarlyk zamanasy döwründe Soltan Tekeşiň kümmetiniň gümmezini berkitmek, Il Arslanyň kümmetiniň gümmezini berkitmek işleri, Nejmeddin Kubranyň peştagynda rejeleýiş-berkidiş işleri, ýadygärlikleriň töweregini abadanlaşdyrmak, abatlamak, gazonlara agaç hem-de gül nahallaryny oturtmak ýaly işler alnyp baryldy. Orta asyrlarda dünýä meşhur kitaphanasy we alymlar öýi bolan, Gürgençde Abu Ali Ibn Sina, Abu Reýhan Biruni, Ahmet Ibn Muhammet Suhaýli, Muhammet ad-Dargani, Al Bakalli, Reşideddin Muhammet al-Omari Watwat ýaly alymlaryň ylmy açyşlary dünýä mälimdir. Ata-babalarymyzyň beýik geçmişinden habar berýän, gadymy Köneürgenjiň taryhy ýadygärlikleri 2005-nji ýylda ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni mirasynyň Sanawyna» kabul edilip, şu günki günde bu taryhy ýadygärliklerde rejeleýiş, berkidiş, dikeldiş işleriniň geçirilmegi bilen ýadygärlikleriň durkuny abat ýagdaýda synlamak has-da täsirlidir.

     Asyrlaryň jümmüşinde, ençeme ýüzýyllyklarda Köneürgençde adam aňynyň ýeten derejesiniň mümkinçiliklerini görmäge we bu baradaky gyzykly söhbetleri diňlemäge, adalat bilen ýurt soran türkmen soltanlarymyzyň, haýyrdyr ýagşylyklary ýaýyp geçen pir-u-ussatlarymyzyň, Watany goran gerçeklerimiziň guburlary ýatan, ruhlary siňen mukaddes hem keramatly dergähe zyýarata gelenler özlerini has-da ýeňil duýup, Berkarar döwletimize, bagtyýarlyk zamanamyza, şeýle ajaýyp döwri peşgeş beren hormatly Prezidentimize bolan hormat-sarpasy has-da artýar.