2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Arkadagly döwrüň bagtyýar waspçylary.

        Arkadagly döwrüň bagtyýar waspçylary.
     Döredijilik dünýäsi jadylaýjy güýji bilen ynsany özüne maýyl edýär. Ýürek bilen ýazylýan eserler kalplara ýol salýar. Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň medeniýet we sungat işgärlerine, ýazyjy-şahyrlara işlemäge döredýän mümkinçilikleri we şertleri bu gün galkynýan edebiýatymyzyň has-da ösmegine itergi berýär. Gahryman Arkadagymyzyň: «Medeniýet we sungat ussatlarynyň şirin owazly aýdymlarynda, belent heňli sazlarynda, ýazyjylarymyzyň hem-de şahyrlarymyzyň eserlerinde, suratkeşlerimiziň we heýkeltaraşlarymyzyň işlerinde halkymyzyň tutanýerli zähmet joşguny wasp edilmelidir» diýip bellän sözlerinden ugur alyp, golaýda «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasy Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, «Bitarap Watanyň waspçylary» atly döredijilik duşuşygyny geçirdi. Welaýat kitaphanasynda guralan duşuşyga tanymal ýazyjy-şahyrlar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar. Döredijilik duşuşygynda «Daşoguz habarlary» gazetiniň baş redaktory Aýbölek Nurtaýewa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Daşoguz welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri taýýarlaýjysy we gurnaýjysy, şahyr Dädebaý Nartyýew, «Daşoguz habarlary» gazetiniň uly habarçylary, ýazyjy Reýimbaý Sabirow, Gurban Gurbanow, öz habarçysy Annageldi Bekiýew, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň direktory Annatuwak Kakaýewa, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Göwher Ahmedowa, Akdepe etrabyndaky 33-nji orta mekdebiň mugallymy Bally Seýitberdiýew, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 44-nji orta mekdebiň mugallymy Döwletmyrat Sadykow dagy çykyş edip, Arkadagly döwrümiziň peşgeş berýän ajaýyplyklary, eşretli günleriň buýsançly pursatlary barada täsirli gürrüň etdiler. Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti, parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy berkitmekde bu belent derejämiziň orny barada bu duşuşyga gatnaşyjylar aýratyn belläp geçdiler. Soňra döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar özleriniň döreden goşgulary bilen çykyş etdiler. Her bir ýaş zehiniň döredijiligi barada halypalaryň beren maslahatlary aýratyn ähmiýetli boldy.Döredijilik ruhunda geçen duşuşykda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Gurbannazar Kakabaýewiň, şu mekdebiň talyplarynyň — ýaş bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym- sazlary oňa gatnaşanlaryň baýramçylyk ruhuny belende göterdi. Nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinden, halk dessanlaryndan ýerine ýetirilen aýdymlar milli aýratynlyklarymyzyň, halk döredijilik mirasymyzyň täze röwüşe eýe bolýandygyny görkezdi.Bu duşuşyga orta mekdeplerde bilim alýan, döredijilik älemine täze gadam basan bagtyýar nesilleriň hem gatnaşmagy bagtyýarlyk döwründe ýaş zehinleriň yzygiderli ýüze çykýandygyny äşgär etdi. Şahyr Göwher Ahmedowanyň döwrüň döredijilik ruhunyň belende göterilýändiginden habar berýän «Arkadag» atly goşgusy esasynda döredilen aýdym Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň ýaş bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Çärä gatnaşan döredijilik işgärleriniň Gahryman Arkadagymyza bolan çäksiz buýsanjynyň, joşgunynyň aýdyň ýüze çykmasy bolan bu aýdym duşuşygyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi. Mahlasy, bu duşuşyk Arkadagly döwrüň döredijilik ruhunyň joşgunly hem-de belentdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi.