2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

I açyk halkara internet bäsleşigi.

                     I açyk halkara internet bäsleşigi.
      Hormatly Prezidentimiziň bilimli, ylymly, giň dünýägaraýyşly, döwrümize mynasyp, kämil hünärmenleri kemala getirmek babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň guramagynda dünýäniň birnäçe döwletleriniň we ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly Inžener we kompýuter grafikasy boýunça I açyk halkara internet bäsleşigi geçirildi.Açyk halkara internet bäsleşiginiň esasy maksady talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmeklerini ösdürmek, şeýle-de nazary we amaly okuwlarda alan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek, inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmeklerini gazanmak bolup durýar.Işjeň ýagdaýda geçen bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Daýanç Mahmudow, Hangeldi Hümmedow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Atabaý Ýahşimuradow, Döwletmämmet Garaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Seýran Amangeldiýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Gadyr Porsyýew dagy 1-nji orna mynasyp boldular.Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Timur Eltezarow, Guwanç Guwanjow, Rahimbaý Dawletow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Mergen Babaýew, Ahmetmuhammet Kerwenmuhammedow, Sapargeldi Mommadow, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary Aýgül Hojaýewa, Ihlos Rahimbaýew, Annanyýaz Abdullaýew, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Jumageldi Gurbangeldiýew, Şähri Jumakulyýewa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary Ýusup Amantaýew, Hezret Esenow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Çaryýar Mammedow, Kerim Babaşew, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby Bahaweddin Annanyýazow dagy 2-nji orny eýelediler.Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby Ogulgerek Hudaýnazarowa, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Annaberdi Hudaýberdiýew, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Aýmyrat Nurjykow, Suhrab Fahriddinow, Muhammetberdi Mirmämmedow, Gülnar Jumaýewa, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyplary Parahat Esenow, Tagandurdy Baýramdurdyýew, Mergen Annaseýidow, Selbi Babaýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Sapar Jumaşew, Serdarmuhammet Hajyýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Merdan Muhammetmyradow, Rahat Babaýew, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby Kadyr Amanow, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Laçyn Mämedowa dagy 3-nji orna mynasyp boldular.Açyk halkara internet bäsleşigine gatnaşan ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary şeýle halkara bäsleşiklere gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza çyn ýürekden çykýan alkyşlaryny aýtdylar.