2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

«Türkmeniň ak öýünde» baýramçylyk konsertleri.

            «Türkmeniň ak öýünde» baýramçylyk konsertleri.
     Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň şowhuny ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, gadymy Daşoguz topragymyzda hem degre-daşy gurşap aldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň artistleri ýerlerde Täze ýyl baýramçylygynyň şowhunyny has-da artdyrmak, ildeşlerimiziň baýramçylyk ruhuny galkyndyrmak maksady bilen welaýatymyzda döredijilik saparynda boldular. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylyp ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzyň belli sungat ussatlarynyň taýýarlan baýramçylyk konserti üç günläp dowam etdi. Ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda aýdym-saz muşdaklarynyň söýgüsini gazanan aýdymçylar hem-de parlak ýyldyzlarymyz özleriniň şirin owazly aýdymlary bilen çykyş etdiler. Baýramçylyk konsertiniň ilkinji güni Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, parlak ýyldyzymyz Anna Jepbarow, Türkmenistanyň at gazanan artisti Çynar Jumaýewa, zehinli aýdymçy Gülälek Gulmyradowa dagynyň ýerine ýetirmeginde ajaýyp zamanamyzy, ata Watanymyzy, ýurdumyzyň ösüşlerini, mährem enelerimizi, ajaýyp söýgini, Täze ýyly wasp edýän aýdymlary dabara gatnaşyjylaryň her birine ýatdan çykmajak pursatlary eçilip, ruhy lezzet paýlady. Ýüzlere ýakym, köňüllere joşgun, ylham eçilen aýdymdyr tanslar welaýatymyzyň belli artistleriniň ýerine ýetiren degişme sahnalary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp bolup, olaryň toý şatlygyny öňküden-de galkyndyryp, mähriban Arkadagymyza bolan hoşallygyny, buýsanjyny has-da artdyrdy.
 ***
     Welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýan ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, wäşi artistleriniň baýramçylyk konsertleri Täze ýyl dabaralarynyň şüweleňini artdyrdy. Welaýat merkeziniň gözel künjeginde ýerleşýän “Türkmeniň ak öýi” binasynda ýaýbaňlandyrylan şowhunly konsertde Türkmenistanyň halk artistleri Suhanberdi Orazberdiýewiň, Gülşat Gurdowanyň, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ilşat Annamämmedowyň, Kemal Annaberdiýewiň, Dursunjemal Gazakowanyň ýerine ýetiren aýdymlary tomaşaçylara ruhy lezzet paýlady. Baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda rowaçlygyň aýdyň menzilleri bilen öňe barýan Türkmenistan Watanymyzy wasp edýän joşgunly aýdym bilen badalga berildi. Konsertiň dowamynda ýerine ýetirilen aýdymlarda ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp üstünlikleriň, adamlara ýagşy umyt-arzuwlary bagyşlaýan Täze ýylyň waspy ýaňlandy. Sungat ussatlarynyň çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan dowamly elçarpyşmalar bilen garşylandy. Halkymyzyň arasynda “Tikgi bilen Potdyş” ady bilen tanalýan wäşileriň çykyşlary dabara özboluşly şowhun, şadyýanlyk bagyşlady. Konsertde durmuş, söýgi hakyndaky aýdymlara hem giň orun berildi. Ildeşlerimize özleriniň söýgüli aýdymçylary, artistleri bilen guralan baýramçylyk duşuşugy ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlady. Welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýan sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň üçünji gününde, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň baýramçylyk sahnasynda Türkmenistanyň halk artisti Zylyha Kakaýewa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Kemal Annaberdiýew, ýurdumyzyň meşhur estrada aýdymçylary Parahat Pürjäýew, Nureddin Setdarow, Mekan Nuryýew dagy şowhunly aýdymlary bilen tomaşaçylara ruhy lezzet paýladylar.