2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Arkadagly zamana hoş gelipsiň, Täze ýyl!

                   Arkadagly zamana hoş gelipsiň, Täze ýyl!
     Durmuşymyzy, dünýämizi täzelenişe, ajaýyp özgerişe getirýän Täze ýyl baýramçylygyny her bir maşgala şatlyk-şowhun bilen garşylaýar. Bu baýramçylyk mynasybetli häzirki wagtda ýurdumyzda dabaralar, çäreler, duşuşyklar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welaýatymyzda hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan “Türkmeniň ak öýi” binasy Täze ýyl mynasybetli geçirilýän şowhunly dabaralaryň mesgenine öwrüldi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýyly eziz Diýarymyzda birnäçe halk bähbitli iri wakalaryň, halkara çäreleriň üstünlikli geçirilen ýyly boldy. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygynyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uly toýa beslenip geçirilmegi durmuşymyza ýatda galyjy pursatlary bagyşlady. Birnäçe halkara çäreleriň, maslahatlaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary derejede geçirilmegi, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda ýokary görkezijileriň gazanylmagy geçip barýan ýylyň üstünliklere beslenýändigini görkezdi. Ýagşy arzuw-islegler, belent maksatlar bilen garşylanýan Täze ýyl mynasybetli “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanyndaky dabaralar merkezinde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti geçirildi. Ak gary egne atyp oturan mysaly bezelen arçalar sahna aýratyn bezeg berdi. Dabaranyň başynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň baýramçylyga bagyşlap taýýarlan edebi-sazly kompozisiýasy şowhunly pursatlara badalga berdi. Arkadagly zamanamyzyň, eziz Watanymyzyň gazanan ýeňişlerini, bagtyýar ýaşlygy, eşretli durmuşy wasp edip aýdylan aýdymlar baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Toý ruhunda ýazylan desterhanyň başynda jem bolan myhmanlaryň şowhunly el çarpyşmalary Täze ýyl şatlygyny goşalandyrdy. Hemmeleriň arzuwlaryny wysala gowşurýan Aýazbaba bilen Garpamygyň sahna gelmegi dabaranyň esasy pursatlarynyň biri boldy. Uzak ýerlerden dag-derýalary, ulgam-ulgam çägeli çölleri, alys ýollary söküp gelen Aýazbabadyr Garpamygyň Täze ýyl gutlagy buýsanç bilen diňlenildi. Dabaranyň esasy myhmanlary soňra bu ýerde çagalar tans, deprekçiler toparlarynyň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa etdiler. Uly ruhubelentlige beslenip geçip barýan ýylymyzyň ajaýyp wakalaryny, durmuşymyza ýagty saçýan bagtyýar pursatlary beýan edýän aýdym-sazly çykyşlar oňa gatnaşanlaryň göwün guşuny ganatlandyrdy. Welaýatyň birleşen dessançylar toparynyň joşgunly çykyşy bagşyçylyk ýolunyň kämil sungat derejesine eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Bezemen sahnada ýerleşdirilen monitorlarda her bir aýdym-sazly çykyşyň mazmunyna kybap şekilleriň görkezilmegi dabaranyň köpöwüşginliligini artdyrdy. Hoş owazly aýdymlar geljek 2022-nji ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” ady bilen şöhratlanjakdygyny äleme äşgär etdi. Dabaranyň dowamynda ýaňlanan “Sag bol, Arkadag!” aýdymyndan soňra ylham-joşgunyň, beýik döredijiligiň, sazyň hem-de sözüň gudratynyň gül açýan mekanynda ýaşaýan, işleýän bagtyýar ildeşlerimiziň Gahryman Arkadagymyza bolan alkyş sözleri uly joşgun bilen beýan edildi.