2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Halkyň göwün küýsegi.

            Halkyň göwün küýsegi!
     Bagtyýar halkymyz tarapyndan 2022-nji ýyly «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýip atlandyrmak barada öňe sürlen teklip ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uly goldaw tapýar. Munuň şeýledigini ýurdumyzyň etrapdyr şäherlerinde, dürli ulgamlara degişli edara-kärhanalarda guralýan maslahatlar ähli aýdyňlygy bilen tassyklaýar. Şeýle dabaraly maslahatlaryň biri hem Gubadag etrap medeniýet merkezinde geçirildi. Dabaraly maslahat welaýat Medeniýet müdirliginiň Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasy bilen bilelikde guramagynda ýokary guramaçylykly hem-de işjeň ýagdaýda geçdi. Oňa welaýatyň medeniýet we sungat işgärleri hem-de habar beriş serişdeleriniň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň medeniýet bölüminiň ýolbaşçysy, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň halk artisti Almagül Nazarowa, Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Annatuwak Kakaýewa, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Göwher Ahmedowa, Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň bölüm müdiri Öremyrat Öwezow, Türkmenistanyň telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň welaýat teleradio studiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Dädebaý Nartyýew, welaýatyň zenan bagşylar toparynyň agzasy Saýat Nurmedowa dagy çykyş edip, halkyň ýürek arzuwynyň beýany bolan bu teklibi biragyzdan goldaýandyklaryny, geljek ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagynyň olary döredijilikli zähmete, täze-täze üstünliklere ruhlandyrýandygyny aýtdylar. Olar öz çykyşlarynda her bir güni şanly senelere, taryhy wakalara beslenýän Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň çawuny dünýä ýaýjak ýene-de bir sahawatly ýylyň bosagasynda durandygymyzy nygtadylar. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ata Watanymyzyň ösüşiň rowaç menzilleri bilen öňe barýandygy, halkymyzyň eşretli, asuda durmuşda ýaşaýandygy hakynda buýsanç bilen gürrüň etdiler. Milli Liderimiziň alyp barýan oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň gazanýan üstünlikleri, belent ösüşleri dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Dabaranyň ahyrynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlan aýdym-sazly çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň öz halkyna peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň waspy belentden ýetirildi.