2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

Dashoguz krug

Makalalar

Bazarlar bolçulygyň buşlukçysy.

            Bazarlar bolçulygyň buşlukçysy!
     Täze ýyl adamlaryň arzuwlap garaşýan ajaýyp baýramlarynyň biridir. Bu baýramçylykda saçaklarymyzy dürli naz-nygmatlardan bezäp garşylaýan halkymyz üçin ýurdumyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde haryt bolçulygy döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli bazarlarynda we söwda merkezlerinde harytlaryň bolçulygyny üpjün etmek, bahalaryň elýeterliligini berk gözegçilikde saklamak barada beren tabşyryklaryndan ugur alyp, welaýatymyzyň ähli bazarlarynda, söwda nokatlarynda döwrüň talabyna laýyk işler ýola goýulýar. Köpugurly söwda bazarynda we beýleki bazarlarda Täze ýyl harytlarynyň bolçulygy üpjün edilýär. Bu baýramçylyk mynasybetli arçalar, olary bezemek üçin dürli oýnawaçlar, sowgatlyk harytlar ilatyň uly isleg bildirýän önümleridir. Täze ýyl sowgatlyklarynyň uly hatary müşderileriň ünsüni özünde egleýär. Bagtyýar halkymyzyň bazarlardan islegli harytlaryny alyp, çagajyklarynyň şatlygyny goşalandyrýan pursatlary aýratyn täsirlidir. Täze ýyl saçaklaryny bezejek azyk harytlarynyň söwdasynyň gyzgalaňly pursatlary hem baýramçylyk ruhuňy göterýär. Bu ýerdäki azyk önümleriniň ýurdumyzda öndürilendigi diýseň guwandyryjydyr. Milli Liderimiziň halkymyzy özümizde öndürilýän önümler bilen doly üpjün etmek barada berýän tabşyryklarynyň durmuşa geçirilýändigine haryt bolçulygynyň mysalynda aýdyň göz ýetirmek bolýar. Häzirki baýramçylyk günlerinde bazarlarymyzda we dükanlarymyzda dürli önümleriň bolelin bolmagyna, harytlaryň nyrhlarynyň aýratyn gözegçilikde saklanylmagyna aýratyn üns berilýär. Bu bolsa halkymyzyň islegini doly kanagatlandyrmaga şert döredýär. Baýramçylyk şatlygy ýüzlerinden aýdyň duýulýan halkymyzyň bazar bolçulygyny üpjün etmekde uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza hoşallyklary ýürekdendir.