2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Baýramçylyk söwdasy: bol harytlar, elýeter nyrhlar.

               Baýramçylyk söwdasy: bol harytlar, elýeter nyrhlar!
     Hormatly Prezidentimiziň Täze ýyl baýramy mynasybetli goşmaça durmuş çärelerini guramak boýunça beren görkezmelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň söwda nokatlarynda 1-nji ýanwara çenli senagat we azyk harytlarynyň baýramçylyk satuwy guralýar, käbir harytlaryň nyrhy 50 göterime çenli arzanladylýar. Ýurdumyzyň söwda nokatlarynda gyzgalaňly dowam edýän “Sahawatly söwda” çäresi bagtyýar raýatlarymyzda baýramçylyk şatlygyny, bagtyýarlygyny döredýär. Olaryň rysgally saçaklaryna bereket goşýar. Biziň welaýatymyzda bu çäre Daşoguz şäherindäki «Rysgal» söwda we dynç alyş merkezinde şüweleňli dowam edýär. Bu ýylda azyk önümleri we beýleki käbir harytlar 10 göterimden 50 göterime çenli, gyşky egin-eşiklerdir köýnek, penjekler 10-20 göterime çenli arzanladyldy. Ýurdumyzyň dokma önümleriniň harytlary satylýan «Altyn asyr» dükanlarynda ýokary hilli ak pagtadan taýýarlanan harytlar 10 göterim arzanladylyp, alyjylaryň täze ýyl şatlygyna şatlyk goşýar. Arzanladylan nyrhlardan satuwy ýola goýlan dürli görnüşli süýjülikler, süýji-köke önümleri bagtyýar çagalaryň baýramçylyk sowgatlaryna öwrülip, olaryň şatlanmagyna sebäp bolýar. Bu bolsa öz gezeginde, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ünsden düşürilmeýändigini alamatlandyrýar. “Il bazaryndan belli” diýen atalar sözüne görä, bol harytly, elýeter bahaly bazarlar ýurdumyzyň abadançylygynyň, raýatlarymyzyň bagtyýarlygynyň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzda bazar bolçulygyny döretmek, haryt köpdürlüligini, bahalaryň elýeterligini gazanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Oba milli maksatnamasynyň netijeli durmuşa geçirilmegi bilen bu ulgamda, esasan hem, galla, miwe, bakja, gök we beýleki azyk önümleriniň öndürilýän mukdarlary ýylsaýyn artdyrylyp, ýurdumyzda azyk bolçulygy üpjün edilýär. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky döwlet maksatnamalary netijeli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde, oba hojalyk önümlerini öndürýän we gaýtadan işleýän kärhanalaryň, telekeçileriň sany barha artýar. Ýurdumyzyň çäginde gök-bakja, miwe önümlerini ýetişdirýän ýyladyşhanalaryň we olary gyş paslyna çenli saklamaga niýetlenen sowadyjylaryň ençemesiniň gurlup ulanylmaga berilmegi ilatymyzy zerur azyk önümleri bilen bütin ýylyň dowamynda üpjün etmeklige, bazarlarda, söwda nokatlarynda önümleriň bolçulygyny gazanmaklyga mümkinçilik döredýär. Ilaty miwe, bakja, gök önümler bilen ýeterlik üpjün etmegi gazanmak maksady bilen zähmetsöýer daýhanlara, telekeçilere müňlerçe gektar ýer bölünip berilýär. Olaryň ýerden bol hasyl almagy üçin ähli taraplaýyn goldaw berilýär. Häzirki wagtda ilatymyz ýurdumyzyň ýerli öndürijileriniň öndüren et we et önümleri, süýt önümleri hem-de beýleki zerur azyk önümleri bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Ýurdumyzyň bazarlaryndaky, söwda nokatlaryndaky haryt bolçulygyna, hödürlenilýän önümleriň köpdürlüligine, nyrh elýeterliligine şaýat bolanyňda hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alýan durmuş syýasatynyň amal edilýändigine göz ýetirýärsiň. Ilatymyza hödürlenilýän azyk we senagat harytlarynyň aglabasynyň öz ýurdumyzda öndürilýändigini aýratyn nygtamak zerur. Naz-nygmatlardan, miwedir gök önümlerden, dürli-dürli harytlardan doly ýurdumyzyň rysgal-bereketli bazarlary, söwda nokatlary halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýynyň, ýaşaýyş derejesiniň ýokarydygyny görkezýär. Täze ýyl baýramynda saçaklaryny dürli naz-nygmatlar, tagamlar bilen bezemek isleýän, ýakynlaryny, maşgala agzalaryny dürli sowgatlar bilen begendirmek isleýän raýatlarymyzyň ähli islegleri ýurdumyzyň söwda edaralarynyň hödürleýän hyzmatlary bilen doly kanagatlandyrylýar.
Munuň şeýledigine welaýat merkezindäki “Rysgal” söwda we dynç alyş merkezinde baýramçylyk söwdasyny edip ýören bagtyýar raýatlarymyz bilen söhbetdeş bolanymyzda hem anyk göz ýetirdik.
— Hormatly Prezidentimiziň görkezmesi esasynda geçirilýän “Sahawatly söwda” çäresi ýurdumyzda adam hakynda uly alada edilýändigini alamatlandyrýar. Şonuň netijesinde, azyk, süýji-köke önümleriniň, miwe suwlarynyň nyrhlary 10 göterimden 50 göterime çenli arzanladylan görnüşde ilata hödürlenilýär. Egin-eşikleriň, çaga oýnawaçlarynyň we mekdep harytlarynyň bahalarynyň elýeterligi guwandyrýar. Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasyndaky bu sahawatly çäre halkymyzyň hoşallygyna mynasyp bolýar. Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan şeýle asylly, il-ýurt bähbitli işler bagtyýar raýatlarymyzy buýsandyrýar — diýip, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy Bibijemal Atanepesowa ýürek buýsanjyny beýan etdi. Terliginden ýaňa bulduraýan almalary, süýjüliginden darka ýarylyp, gyrmyzy dänelerini güjeňleýän narlary, hoşasy eliňe agram salýan üzümleri we sitrus, tropik miweleri synlanyňda, bagyndan ýaňyja üzülip bazara getirildimikä diýdirýär. Türkmen topragynyň sahawaty bilen ýetişen gawun-garpyzlar we beýleki bakja önümler hem elýeter bahadan raýatlarymyza hödürlenilýär. Gyşyň örküjinde miweleriň, ter gök we bakja önümleriň ýurdumyzyň bazarlarynda, söwda nokatlarynda bol, elýeter bahadan bolmagy bolçulykdan, rysgal-bereketlilikden nyşandyr.