2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Welaýatymyzda Täze ýyl baýramy dabaralara beslendi.

              Welaýatymyzda Täze ýyl baýramy dabaralara beslendi! 
      Welaýatymyzda ýaýbaňlandyrylan Täze ýyly garşylamak dabarasy şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Ata Watanymyzyň täze taryhynyň altyn sahypalarynda, bagtyýar halkymyzyň ajaýyp durmuşynda şanly wakalary, ýeten belent sepgitleri bilen ebedilik orun alyp, bütin dünýäni parahatçylyga we özara ynanyşmaga, dost-doganlyga çagyran 2021-nji ýyl bilen hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zamana barabar ägirt uly işleriň durmuşa geçiriljek 2022-nji — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň sepgidindäki baýramçylyk dabarasy özboluşly many-mazmuna eýe boldy.Welaýatymyzdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdança — welaýatyň baş arçasynyň töweregi baýramçylyk ruhuna beslenip, bu ýerde ýaýbaňlandyrylan Täze ýyl dabarasy täsirli, ýakymly pursatlara baý boldy. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bagtyýar çagalar, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.Älemgoşar öwüşginli yşyklary bilen daş-töwerege ýalkym saçýan Täze ýyl arçasy baýramçylyk şowhunyny has dabaralandyrdy. Täze ýyl dabarasynyň welaýat merkeziniň gözel künjeginde — Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edilen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň golaýynda geçirilmeginiň özboluşly manysy bar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen döwrebap keşbe eýe bolýan Daşoguz şäheriniň gijeki görnüşi bilen umumy sazlaşygy emele getirýän Täze ýyl bezeglerinde, baýramçylyk sahnasynda döwrüň ruhy joşguny aýdyň duýulýar.Ata Watanymyza Täze ýylyň gadam basmagynyň öňüsyrasynda teleköpri arkaly ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we paýtagtymyzdan il sylagly ýaşulular, mährem eneler, şadyýan çagalar özleriniň ýürek buýsançlaryny beýan etdiler, hormatly Prezidentimizi, mähriban halkymyzy Täze ýyl bilen gutladylar. Bu sözler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe asuda Diýarda, eşretli durmuşda ýaşaýan ähli bagtyýar raýatlarymyzyň adyndan ýaňlanan köňül kelamy bolup ýaňlandy.Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren Täze ýyl aýdymy halkymyzyň Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüne bolan buýsanjynyň, ajaýyp zamananyň ruhy joşgunynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Tans toparlarynyň joşgunly çykyşy dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Sagadyň dilleri gije 12-ä golaýlan pursadynda dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagyny uly buýsanç bilen diňlediler. Soňra 2022-nji ýylyň Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyza gadam basmagy mynasybetli Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanyp, baýramçylygy has-da dabaralandyrdy. Ol bagtyýar raýatlarymyza sahawatly türkmen topragyna ýene-de bir şanly, bereketli, döwletli-döwranly ýylyň gelendigini buşlady.
                                                                                                                                       * * *


      «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji güni ir säherde welaýat merkezindäki Baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýaňlanmagy bilen, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl Tugy galdyryldy. Dabara welaýat häkimliginiň, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Halkymyzyň milli buýsanjy — mukaddes Tugumyzyň belende galdyrylmagy Täze ýyl dabaralarynyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň ýene bir täze ýylyny — «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylyny merdana halkymyzyň uly şatlyk-şowhun bilen garşy alandygyny, bu ýylyň hem döwletimiziň taryhy-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeläp, ýurdumyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýjak ýyllaryň biri boljakdygyny uly buýsanç we ynam bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gülläp ösýän Watanymyzda täze ýylda her bir türkmen ojagyna sag-salamatlygyň, uly üstünlikleriň, döwletli döwranyň, bagtyýar durmuşyň ýaran bolmagyny, ýurdumyzyň ösüşleriniň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary baýramçylyk ruhubelentligini goşalandyrdy. Şeýle hem, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan ynsanperwer döwlet syýasatynyň waspy bolup ýaňlanan aýdymlar dabaranyň şatlyk-şowhunyny belende göterdi. Baýramçylyk mynasybetli ýerine ýetirilen aýdym-sazlar, joşgunly tanslar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. Al-asmana uçurylan owadan şarlar dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.
Baýramçylyk dabaralary welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hem uly ruhubelentlige beslendi.