2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Täze ýylyň goşa şatlygy.

               Täze ýylyň goşa şatlygy!
     Täze ýyla arzuw-umytlar, ýagşy niýetler bilen gadam basmak hemmelere tolgundyryjy hem-de ýatdan çykmajak pursatlary bagyş edýär. Bu ajaýyp baýramçylyk Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň ýaşaýjylary Akmyrat Kurbannazarowyň we Gülaýym Erkebaýewanyň maşgalasy üçin has-da ýatda galyjy senä öwrüldi. Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä inen gyz perzendi olaryň şatlygyny goşalandyrdy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji gününde welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde doglan çaganyň agramy 3 kilogram 294 gram, boýy 50 santimetr. Bir oguldan soň gyz perzende ýüzi düşen bagtyýar ene-ata akja bäbejigine Aýşanur diýip at goýmagy niýet edinýärler. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda ata Watanymyz Türkmenistan bagtly çagalygyň, iň arzyly islegleriň hasyl bolýan ýurduna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan mukaddes maşgala ýörelgelerine eýerilip, ýaş nesil aýratyn söýgi, üns alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzda olaryň çagalykdan edepli, terbiýeli, kämil ylym-bilimli, sagdyn ruhly bolup kemala gelmegi ugrunda uly işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň kabul eden «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde onuň esasy ugurlarynyň biri hasaplanýan enäniň we çaganyň saglygyny goramakda paýtagtymyzda we welaýat merkezlerinde hereket edýän «Ene mähri» merkezlerinde ýokary lukmançylyk hyzmatlarynyň ýola goýulmagy bu ugurda gazanylýan ösüşleriň subutnamasydyr. Çagalaryň saglygyny doglan gününden goramak we berkitmek ýurdumyzda öňde durýan möhüm wezipe bolup durýar, bagtyýar çagalar aýratyn üns-alada bilen gurşalyp, olar üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda dünýä inen gyzjagazyň ene-atasy nesil dowamaty bolan çagalaryň saglygy, olaryň bagtyýar geljegi babatda uly aladalary edýän hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.