2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Arkadagly döwre buýsanjyň beýany.

               Arkadagly döwre buýsanjyň beýany!
     Bagtyýarlyk döwrümiziň buýsanjyna öwrülip gelýän ýyllar ýurdumyzy ajaýyp ýeňişlere, belent sepgitlere atarýar. Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi ähli halkymyzda uly buýsanç döretdi. Şu mynasybetli welaýat häkimliginde 2022-nji ýylyň şygarynyň hem-de nyşanynyň tassyklanylmagyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahatda ilki bilen, welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwründe 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmeginiň welaýatymyzyň ähli ilatynda şatlyk, hoşallyk duýgusyny oýarandygyny belledi. Soňra Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Bally Narçyýew, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Myratgeldi Goçmedow, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň başlygy Akmyrat Mämedow, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy Magsat Otuzow dagy çykyş edip, dabaraly maslahata gatnaşyjylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bilen gutladylar. Ýurdumyzyň dürli ugurlarda gazanýan üstünlikleri, ýetýän ýeňişli menzilleri milli Liderimiziň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Älem içre parahatçylygyň, dost-doganlygyň we ynanyşmagyň Watany hökmünde tanalýan ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilýär. Buýsançly günleriň ömre many berýän pursatlary bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren bagtyýarlyk döwrüniň ajaýyplyklary bilen kalplara ylham berýär. Çykyş edenler şular dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Arkadagly döwrümiziň, bedew batly ösüşlerimiziň joşgunyna öwrülen aýdymlar maslahata gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň bu ýerde ýerine ýetiren «Halkyň Arkadagly zamanasy» aýdymy hoşallyk maslahatynyň jemlenmesine öwrüldi.