Halkyň köňül kelamy.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda her bir gelýän ýyla halkyň islegini nazara alyp, mynasyp adyň berilmegi Watanymyzyň her bir raýatynyň halal zähmete joşgunyny, yhlasyny artdyrýar. Täze — 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip mynasyp atlandyrylmagy bolsa halkymyzyň ýürek owazy, köňülleriniň kelamydyr. Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda welaýat häkimliginiň, TDP-niň welaýat komitetiniň, TAP-niň welaýat komitetiniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramagynda 2022-nji ýylyň — «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Dabarada, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, 2022-nji «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly bilen dabara gatnaşyjylary gutlady. Täze ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagy halkymyzyň milli Liderine bolan uly hormatyny, çäksiz buýsanjyny, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ajaýyp döwürde, bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşaýandygyna guwanjyny, ata Watanymyzyň aýdyň geljegine bolan ynamyny şöhlelendirýär. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda merdana halkymyz bagtyýar zamananyň hözirini görüp ýaşaýar, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny özgertmek boýunça yhlasly zähmet çekip, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirýär. Bu bolsa ildeşlerimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer ýörelgäni amala aşyrýan milli Liderimize bolan hoşallygynyň özboluşly subutnamasydyr. Şular dogrusynda TKA-nyň welaýat birleşmesiniň başlygy, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Aşyrdurdy Allaýew, TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy Merdan Meredow, TAP-niň welaýat komitetiniň başlygy Akmyrat Mämedow, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Hanbaý Saparow, welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Bahargül Ýazyýewa dagy giňişleýin çykyş etdiler. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, 2022-nji ýylyň şygarynyň mazmuny halk, Arkadag, zamana diýen üç mukaddesligiň güýjüne daýanýan Watanymyzyň dünýäniň kuwwatly, gülläp ösýän, parahatçylygy goldaýan, halk bähbitli işleriň diňe öňe ilerleýän döwletidiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi. Maslahatda halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan beýik işleri üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabaranyň dowamy Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlaryna ulaşdy.
* * *
Şeýle mazmundaky maslahat Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň guramagynda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirildi. Maslahatda Daşoguz şäher häkiminiň orunbasary Gülläle Hudaýbergenowa, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Baýrammyrat Allanazarow, TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň başlygy Allanazar Müňbaýew, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Daşoguz şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri Narly Mämmedow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Leýla Rejepowa dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzyň taryhyna şan getirjek 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip atlandyrylmagynyň watandaşlarymyzyň köňül arzuwynyň beýany bolandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ösüşleriniň mundan beýläk-de dünýä ýaň salmagy arzuw edildi. Maslahatyň dowamynda şeýle eşretli döwri peşgeş beren milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdyldy. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.