2022-nji ýyl «Halkyň Arkadagly Zamanasy»

 

 
Dashoguz krug

Makalalar

Tejribe alyşdylar.

                Tejribe alyşdylar.
        Ýurduň gülläp ösmeginde, bedew bady bilen öňe gitmeginde ylym-bilimiň aýratyn uly orny bardyr. Hormatly Prezidentimiziň «Güýçli döwletde ylym esasy orny eýeleýär» diýen sözlerini alyp barýan bilim-terbiýeçilik işleriniň esasy şygaryna öwren bilim işgärleri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ilkinji günlerinden ýaş nesle bilim bermek işlerini ýokary derejede ýola goýmaga çalyşýarlar.Birek-birek bilen tejribe alyşmak, pikiriňi paýlaşmak üstünligiň ilkinji ädimleridir. Şundan ugur alnyp, her ýylyň ýanwar aýynda ýurdumyzda bilim işgärleriniň ýanwar maslahatlary ýokary guramaçylykly geçirilýär. Ýanwar aýynyň 4-5-i günleri Daşoguz şäherindäki 14 sany orta mekdepde guralan usuly-amaly okuwlara bilim işgärleri uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň, tebigy we takyk ugurly dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda, bilim edaralarynda joşgunly zähmet gaýnap joşýar. Ýaş nesle bilim bermek ýaly asylly käriň eýeleri bolan bilim işgärleri hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, okuw sapaklaryny döwrüň talabyna laýyklykda guraýarlar. Halypa mugallymlaryň, öňdebaryjy bilim işgärleriniň ýörite hödürlenen temalar esasynda taýýarlan tejribe sapaklary bilim işgärlerinde uly gyzyklanma döretdi. Ýörite taýýarlanan synp otaglarynda guralan okuw sapaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri esasynda sapaklaryň guralyşy, okuwçylaryň bilimlerini artdyrmak, ders bäsleşiklerine taýýarlamak, terbiýeçilik maksadynda geçirilýän sapakdan daşary işler usuly maslahatyň esasyny düzdi.Şeýle-de ýanwar maslahatlarynyň çäklerinde, okuw ýylynyň birinji ýarymynda has-da tapawutlanyp zähmet çeken bilim işgärlerine welaýat Baş bilim müdirliginiň Hormat hatlary hem-de ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz şäher geňeşiniň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Okuw-usuly maslahatlaryna gatnaşan bilim işgärleri işlemäge döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.